Talyp — 2023: Türkmen oba hojalyk instituty

  • 15.07.2023 14:32
  • 17k+

TÜRKMEN OBA HOJALYK INSTITUTY

2023/2024-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler (hünärmen maksatnamasy) we taýýarlygyň ugurlary (bakalawr maksatnamasy) boýunça talyplyga kabul edýär:

I. Hünärmen maksatnamasy (býujet esasynda):

I. Oba, tokaý we balyk hojalygy (hünärler: agronomçylyk; agroekologiýa; tehniki hyz-matyň guralyşy we tehnologiýasy; ýyladyş-hana hojalygy; oba hojalyk ekinleriniň seç-gisi we tohumçylygy).

II. Hünärmen maksatnamasy (töl egl i esasda):

1. Oba, tokaý we ba lyk hojalygy (hünärl er: ag-rohimiýa we agrotopragy öwreniş; agroeko-logiýa; ýyladyşhana hojalygy; gidromeliora-siýa; oba hojalygyny mehanizmleşdirmek).

2. Weterinariýa we zootehniýa (hünär: weterinar lukmançylygy).

III. Bakalawr maksatnamasy (töleg l i esasda):

1. Informatika we hasap l aýyş tehnikasy (taý-ýarlygyň ugry: maglumat ulgamlary we tehno-logiýalary (oba hojalygynda) (okuw l ar iň l is di-linde alnyp barlar). Okuwyň dowamlylygy 5 okuw ýylyna (1 ýyl — dil taýýarlygy, 4 ýyl — bakalawr maksatnamasy boýunça okuw) deňdir.

2. Maşyngurluşyk (taýýarlygyň ugry: awto-matlaşdyrmak we dolandyrmak (oba hoja-lygynda).

3. Oba, tokaý we balyk hojalygy (taýýarlygyň ugurlary: agroinženerçilik; gidrotehniki des-galar; oba hojalyk önümlerini gaýtadan işle-megiň tehnologiýasy).

4. Amaly geologiýa, dag işi, nebitgaz işi we geodeziýa (taýýarlygyň ugry: ýer gurluşygy we kadastrlar).

5. Maglumat howpsuzlygy (taýýarlygyň ug-ry: maglumat howpsuzlygynyň menejmenti (oba hojalygynda).

6. Ykdysadyýet we dolandyryş (taýýarlygyň ugurlary: oba hojalygynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy; buhgalterçilik hasaba alny-şy we audit (oba hojalygynda); sanly dolan-dyryş).

Instituta Türkmenistanyň umumy orta bi l imden pes bolmadyk binýatda bi l imi bo l an, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synag larynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary Lebap, Mary, Daşoguz welaýatlarynyň merkezlerinde 2023-nji ýylyň 17 — 30-njy iýuly aralygynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we der-man senagaty ministrl igi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— soňky okan ýerinden (iş l än ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

— 3×4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tas-sykl anan göçürmesi;

— okuw dersleri boýunça mekdep okuwçy l ary-nyň döwl et bäs leşiginiň ýeňij i l eri, halkara bäsleşik-lere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýl ary tassykl aýan degişl i resmi-namanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildir-ýän l er ýokarda görkezi l en resminama l ar bi l en birl ik-de, resminama l ary kabul edýän iş toparyna aşak-daky l ary görkezýärl er we nusga l aryny tabşyrýarl ar:

— pasportyny;

— harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şa-hadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýan-dygyny tassyklaýan beýleki resminamalary gör-kezip biler.

Nädogry berl en mag l umatlar we galp resmi iş kagyz l ary üçin da l aşgär şahsy jogapkärçi l ik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek institutda (Daşoguz şäheri) aşakdaky möhletlerde geçirilýär:

Mary welaýaty — awgust aýynyň 2-3-i, 6-sy we 8-i günleri;

Lebap welaýaty — awgust aýynyň 4-5-i, 7-si we 9-y günleri;

Daşoguz welaýaty — awgust aýynyň 10-11-12-si, 13-14-i we 15-i günleri.

Giriş synaglary aşakdaky okuw dersleri boýunça geçirilýär:

hünärler: agronomçylyk; agroekologiýa; ýyladyşhana hojalygy; oba hojalyk ekinleri-niň seçgisi we tohumçylygy; agrohimiýa we
agrotopragy öwreniş; weterinar lukmançylygy — himiýa, biologiýa, Türkmenistanyň taryhy;

hünärl er: tehniki hyzmatyň guralyşy we tehnologiýasy; gidromeliorasiýa; oba hojalygy-ny mehanizmleşdirmek; taýýarlygyň ugurlary: agroinženerçilik; gidrotehniki desgalar — fizi-ka, matematika, Türkmenistanyň taryhy;

taýýarlygyň ugurlary: oba hojalygynyň yk-dysadyýeti we dolandyrylyşy; buhgalterçi-lik hasaba alnyşy we audit (oba hojalygyn-da); sanly dolandyryş (oba hojalygynda); oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemegiň tehnologiýasy — biologiýa, matematika, Türk-menistanyň taryhy;

taýýarlygyň ugurlary: maglumat ulgamla-ry we tehnologiýalary (oba hojalygynda) (okuwlar iňlis dilinde alnyp barlar); maglumat howpsuzlygynyň menejmenti (oba ho-jalygynda); ýer gurluşygy we kadastrlar; awtomatlaşdyrmak we dolandyrmak (oba hojalygynda) — matematika, fizika, Türkmenis-tanyň taryhy.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türk-menistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatna-malarynyň esasynda geçirilýär.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bel l eni l en wagt-da synaglara esassyz sebäplere görä gelip bil-medikler ýa-da okuw dersleriniň biri boýunça synaglardan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagda-ýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edil-mek üçin artykmaç hukukdan:

— soňky 2-3 ýylyň dowamynda ýokary ne-tijeler gazanan we etrap häkimligi tarapyndan degişli hünärlere ýa-da taýýarlygyň ugurlaryna hödürlenen kärendeçiler we mülkdarlar;

— «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanuny-nyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünle-re laýyk gelýän dalaşgärler peýdalanýarlar.

Türkmen oba hojalyk institutynyň salgysy:Daşoguz ş., Ruhnama köçesi, 94, tel.: 9-33-92, 9-40-68, 9-27-47.


şu gün 13:18
2.7k+

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň rektory wezipesine Begli Ataýew bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze rektoryny bellemek hakyndaky Permana gol çekdi. TDH-niň habar bermegine görä, bu wezipä Begli Baýrammyradowiç Ataýew bellenildi. Döwlet...

21.03.2026 16:29
4.9k+

Hytaýda 10 müňden gowrak türkmen raýaty bilim alýar

Hytaýda Türkmenistanyň 10 müňden gowrak raýaty bilim alýar. Bu baradaky maglumatlary Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaýyň «CGTN» teleýaýlymynyň alypbaryjysy He Ýanke beren interwýusynda mälim etdi...

19.03.2026 19:47
3.7k+

Britaniýanyň ilçisi we ÝUNISEF-iň wekili Aşgabatdaky synag inklýuziw mekdebine baryp gördi

Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçisi Stiwen Konlon we ÝUNISEF-iň wekili Jalpa Ratna Aşgabat şäherindäki 74-nji synag inklyuziw mekdebine baryp gördi. Bu sapar Beýik Britaniýanyň hökümetiniň Britan halkara...

19.03.2026 17:31
2.7k+

L.N.Gumilýow adyndaky Ýewraziýa milli uniwersitetinde okaýan türkmen talyplary tegelek stol geçirdi

18-nji martda Astanadaky L.N. Gumilýow adyndaky Ýewraziýa milli uniwersitetinde «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy: Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň watany» atly tegelek stol geçirildi...