HBS: Tesla Hindistanda önümçiligini ýerleşdirmek barada gepleşiklere başlady

  • 14.07.2023 15:03
  • 7.9k+

Tesla kompaniýasy Hindistanyň hökümetine ýurtda öz awtoulag önümçiligini ýerleşdirmek üçin maýa goýum teklibini iberdi, gepleşikler dowam edýär. Bu barada penşenbe güni The Times of India habar berdi.

"Tesla bize ägirt uly meýilnama hödürledi we bu gezek gepleşikleriň üstünlikli boljakdygyna ynanýarys, esasanam, kompaniýanyň teklibi önümçiligini ýerleşdirmegi we eksporty (üçünji ýurtlara) göz öňünde tutýandygyny nazara almak bilen şeýle diýýäs" diýip, neşir Hindistanyň hökümetiniň anonim wekiliniň sözlerini getirýär.

Söwda we senagat ministrligi hindi hökümetiniň adyndan gepleşik geçirýär. Neşiriň habaryna görä, Tesla ýylda 500 000 awtoulag öndürýän zawod gurmagy teklip edýär. Öndüriljek modelleriň iň pes bahasy 25 000 dollar töweregi bolar.
Ondan öň, Tesla Hindistana elektrik ulaglaryny import etmekden alynýan paçlary azaltmaga synanyşdy, emma Nýu-Deli muny ret etdi we kompaniýa önümlerini ýurda eksport etmek meýilnamalaryndan wagtlaýynça ýüz öwürdi. Maý aýynda Teslanyň baş direktory Ilon Mask "The Wall Street Journal" gazetine beren interwýusynda: "Kompaniýanyň daşary ýurtlarda gurjak täze zawody üçin Hindistanyň gyzykly ýer bolup biljekdigini" we 2023-nji ýylyň ahyryna çenli kararyň kabul ediljekdigini aýtdy. Iýun aýynda Mask Waşingtonda Hindistanyň premýer-ministri Narendra Modi bilen duşuşdy we duşuşygyň ahyrynda "Tesla Hindistanda peýda boljakdygyna we munuň mümkin boldugyça çalt amala aşjakdygyna" ynam bildirdi.


24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

24.06.2026 17:04
3.2k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

29.05.2026 23:38
3.6k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......