Aston Martin ýaryş ýoluna birbada 110 awtoulag ýygnap, rekord goýdy

  • 13.07.2023 10:40
  • 12k+

Aston Martin kompaniýasy Silverstone ýolunda goýan rekordyna bagyşlanan wideosyny çap etdi. Dürli ýyllarda çykan 110 awtoulagynyň kerweni bu ýolda “Aston-laryň” iň uly ýygyndysy diýlip atlandyryldy. Ýöriş markanyň öz 110 ýyllygyna we formula bölüminiň täze ştab-kwartirasynyň açylyşyna bagyşlandy.

Rekord ýaryşyna dünýäniň dürli künjeklerinden Aston Martin-iň janköýerleriniň gatnaşandygy we kerwendäki awtoulaglaryň markanyň terjimehalynyň ähli döwürlerini aňladýandygy öňe sürülýär. Ýola çykan iň köne awtoulag Aston Martin A3 100 ýaşdan geçdi.
Aramco Cognizant Formula One Technology Campus diýip  çylşyrymly ady bolan kompaniýanyň formula bölüminiň täze ştab-kwartirasy üç binadan ybarat bolar. Jemi işgär sany 700 adama ýeter – olar täze sport awtoulaglaryny işläp düzmek, synag etmek we öndürmek bilen meşgullanarlar. Bu toplum, hatda hususy aerodinamiki turbany hem öz içine alar.


12.05.2026 14:52
2.2k+

Bir ýarym sagatda 74 km süýşme: XPeng P7 yzgarly ýolda drift boýunça rekord goýdy

XPeng P7 elektromobili yzgarly ýolda dolandyrylýan süýşme (drift) arkaly 73,594 kilometr aralygy geçip, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Bu barada XPeng Motors kompaniýasynyň ýolbaşçysy He Sýaopen mälim etdi....

04.04.2026 13:20
2.2k+

Ford GT Mk IV “Nýurburgringda” içinden otlanýan hereketlendirijili iň çalt awtoulag boldy

Ford GT Mk IV superkary “Nýurburgring-Nordşlýaf” ýolunda iň çalt gibrid däl içinden otlanýan hereketlendirijili awtoulag boldy. Ford bu barada Germaniýada geçirilen 21 kilometrlik ýaryşlaryň netijelerini......

30.01.2026 18:50
5.3k+

Toyota rekord derejeli satuw bilen ýene dünýäniň iň uly awtoöndürijisi boldy

2025-nji ýylda Toyota kompaniýasy 11,32 mln awtomobil satyp, täze dünýä rekordyny goýdy. Bu görkeziji 2024-nji ýyldakydan 4,6% köpdür. Şeýlelikde, kompaniýa ýene dünýäniň iň iri awtoöndürijisi adyny saklamagy başardy...

25.01.2026 13:47
7.4k+

Hytaý dünýäde iň uly rolker gämisini suwa goýberdi. Oňa 11 müňe golaý ulag ýerleşýär

Hytaýyň Guangzhou Shipyard International (GSI) gämi gurluşyk zawody sygymy rekord derejedäki ýük daşaýan gämini suwa goýberdi. Gämi her saparda 10 800 awtoulagy daşamaga ukyply we Koreýanyň Hyundai awtoulag öndürijisi üçin guruldy...