Aşgabadyň ýyladyş ulgamlarynda düýpli abatlaýyş işleri geçiriler

  • 11.07.2023 15:37
  • 18k+

Türkmenistanda tomus mwsüminde ýyladyş infrastrukturalaryny abatlamak we gyş möwsümine deslapdan taýýarlamak işleri başlanýar. Bu işleriň çäklerinde Aşgabat şäheriniň häkimligi Aşgabatýylylyk trestiniň ýyladyş ulgamlaryny düýpli abatlamak boýunça bäsleşik yglan etdi. Degişli bildiriş «Türkmenistan» gazetinde neşir edildi.

Şeýle hem şäher häkimligi trestiň çillerlerini toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak üçin täze kompressorlary satyn alar.
Gyzyklanma bildirýän taraplaryň arzalary we teklipleri şu ýylyň 19-njy iýulyna çenli Türkmenistanyň Maliýe ministrliginde kabul ediler.
Salgysy: Aşgabat ş,. Arçabil şaýoly, 156.

Telefon belgileri: 39-46-32, 39-46-38, 39-46-39.


düýn 16:30
557

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

düýn 12:20
719

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
6.7k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

11.06.2026 13:44
3.4k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......