Aşgabatly pälwan Dawid Melkumow 48 tonnalyk wagony süýşürdi

  • 11.07.2023 12:15
  • 59k+

Aşgabatda pälwan Dawid Melkumow agramy 47,84 tonna«Sifan» lokomotiw-wagon gurluşyk kompaniýasynyň wagonyny 24 sekuntda ýerinden 8 metr süýşürmegi başaryp, täze rekord goýdy. Melkumow bu agyrlygy elleri bilen süýşürdi, diýip, Turkmenportal habar berýär.

Rekord 9-njy iýulda «Demirýollary» AGPJ-niň Aşgabatdaky şahamçalarynyň biriniň çäginde hasaba alyndy.
Belläp geçsek, türgeniň öz agramy 100 kg-dan hem azdyr. Türgen aýaklaryny ýörite direge diräp, ýüpi çekmek arkaly «arm-over-arm» usulyny ulandy.

«Ýüp elleriň gyýyp gelýär. Ýeňil bolmady, emma başarandygyma diýseň begenýärin. Oglanlar birbada iki wagon çekmegimi soradylar, ýöne men töwekgelçilik etmedim. Indiki gezek şol bir ýerden iki wagony çekmek üçin türgenleşerin» – diýip, Dawid belledi.


19.06.2026 10:10
3.1k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:32
4.3k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

18.06.2026 22:11
2.2k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.8k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......