«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň 6-njy sany çapdan çykdy

  • 07.07.2023 11:39
  • 5.3k+

«Arkadagly Ýaşlar» atly çeper-publisistik, ylmy-populýar elektron žurnalynyň 6-njy sany çapdan çykdy.

Ilkinji sahypalardaky türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa bagyşlanan «Ömrüň nusga ömürlere, Arkadag!» atly goşgy we «Ömürlere many çaýan Arkadag, döwrümizi Gün deý çoýan Arkadag!» atly makala bar.
«Arkadag şäheri ― ýaşlaryň şäheri» diýlip atlandyrylan makala birinji tapgyry 29-njy iýunda dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanylmaga berlen täze şähere bagyşlandy. Žurnalyň döredijilik işgärleri 1-nji iýunda bellenilen Çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlanan makalada bu mesele babatynda döwletimizde alnyp barylýan nusgalyk işlere ünsi çekipdirler. Makala «Bagtyýar çagalyk ― belent ykbalyň gözbaşy» diýlip atlandyrylýar. «Haýyr işler rowaç bolsun, Arkadag!» atly makalada bolsa «Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy» atly täze kitabyň söhbedi edilýär.
«Döwürleri we nesilleri baglanyşdyrýan köpri» atly makalada geçen aýda bellenilen Medeniýet hepdeligi barada gürrüň berilýär. Hepdeligiň öňüsyrasynda geçirilen «Awaza ― 2023» atly halkara tans we folklor festiwalynyň çeper beýany «Göwünleri birleşdiren festiwal» atly makalada özüne orun tapýar.
Žurnalyň täze sanynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň guramaçy hökmünde gatnaşýan bäsleşikleriniň ýene biri bolan «Talyp joşguny ― 2023» döredijilik festiwalynyň jemleriniň jemlenendigi hem habar berilýär.
Žurnalyň täze sanyndaky rus dilinde berlen makalada kitaphanalar barada gyzykly maglumatlar paýlaşylýar. «Boýna zynat, göwne ganat» atly makalada türkmen zergärçilik sungatynyň aýratynlyklary barada gürrüň berilýär.
«Daşary ýurt dillerini öwrenmekde ýaş aýratynlyklary» atly makalanyň köp sanly okyjylarda gyzyklanma döretjekdigini aýratyn nygtap bileris. Žurnalyň täze sanyndaky iňlis dilinde paýlaşylan makala otaglary sowadyjylaryň gyzykly taryhyna bagyşlanypdyr.
12 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda Aşgabatda geçirilen halkara tennis ýaryşy «Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sanynda hem öz beýanyny tapýar. Bu ýaryşa bagyşlanan makala rus dilinde taýýarlanylypdyr.
Okyjylar žurnalyň täze sanyndan Gurban baýramyna bagyşlanan täsirli makalany hem okap bilerler. Neşiriň täze sanynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan täsirli makalalaryň ýerleşdirilipdir.
Tomsuň esasy tagamlarynyň biri bolan buzgaýmagyň iňlis dilindäki taryhyny okamak hem okyjylar üçin gyzykly bolar. Gyzykly makalalaryň ýene birinde ekologiýany goramagyň halkara günleri barada gürrüň berilýär. Eger siz Ylymlar gününiň dürli döwletlerde bellenilişi bilen hem gyzyklanýan bolsaňyz, bu sowala hem žurnalyň täze sanyndan jogap tapyp bilersiňiz.
Žurnalyň ahyrky sahypalarynda hödürlenilýän tomus işdäaçarynyň taýýarlanylyşyny öý bikelerine maslahat berýäris. Žurnal adaty däbine görä, «Ýaş waspçy» atly döredijilik bäsleşiginiň nobatdaky ýeňijisi bilen hem tanyşdyrýar.
Üç dildäki žurnalyň täze sanyndaky her bir çykyş ýaşlaryň dünýäsine kybap suratlar bilen bezelipdir.


10.04.2026 23:51
14k+

Alty zolak we akylly gözegçilik: Türkmenistanda gurlan awtoban näme bilen haýran galdyrýar?

Habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Ýoluň bu böleginiň ulanmaga......

10.04.2026 16:58
3.2k+

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Seulda türkmen talyplary bilen duşuşdy

7-nji aprelde Koreýa Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Koreýanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary......

09.04.2026 19:44
1.1k+

Türkmen sungat ussatlary Grets-Armanwilýe şäherinde çykyş etdi

Fransiýanyň Grets-Armanwilýe şäherinde türkmen sungat ussatlarynyň konserti boldy. Bu çäre Türkmenistanyň ilçihanasy tarapyndan degişli ministrlik bilen bilelikde guraldy....

09.04.2026 16:01
17k+

Ýolöten etrabyndaky täze şäherçe nähili bolar: taslamadan suratlar

Ozal habar berşimiz ýaly, 8-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginde 4 müň 500 hojalyga niýetlenen täze döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasyna......