Ispaniýa maý aýynda daşary ýurt syýahatçylyk akymy boýunça taryhy rekord goýdy

  • 06.07.2023 11:02
  • 13k+

Maý aýynda Ispaniýa gelen daşary ýurtly syýahatçylaryň sany ýyllyk hasabynda 17,6% ýokarlanyp, 8,2 million boldy diýip, INE milli statistika edarasy habar berdi. Bu Ispaniýadaky gözegçiligiň tutuş taryhynda maý aýy üçin rekorddyr diýip, interfax.ru belleýär.

Görkeziji pandemiýadan öňki 2019-njy ýylyň maý aýyndaky görkezijiden 3,8% ýokary boldy. Maý aýynda Ispaniýa syýahatçylaryň köpüsi Beýik Britaniýadan geldi – 1,8 milliondan gowrak ýa-da umumy sanyň 22,2%-i. Soňra Fransiýa we Germaniýa gelýär – degişlilikde, 1,2 million we tas 1,1 million myhman.
Aýry-aýry ýurtlaryň arasynda ýyllyk hasabynda iň uly ösüşi ABŞ görkezdi, maý aýynda bu ýerden bir ýyl ozalkydan 38,8% köp adam geldi.
Maý aýynda Ispaniýa howa ýoly arkaly 6,82 milliondan gowrak (ýyldan-ýyla +12,8%), awtomobil bilen 1,24 million (+52,8%), suw ýoly arkaly 128,4 müň (+9,4), demir ýollary arkaly 30,6 müň (+92,7%) syýahatçy geldi.
Ýurduň myhmanlarynyň umumy çykdajylary ýyllyk aňlatmada 20,8%, 9,73 milliard ýewro çenli ýa-da adam başyna ortaça 1,2 müň ýewro artdy (+2,7%).


25.06.2026 23:36
5.5k+

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.2k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......