Täze Toyota awtoulaglary 1200 km ýol geçer we 10 minutda zarýad alar

  • 06.07.2023 10:56
  • 25k+

Toyota batareýalaryň agramyny, göwrümini we bahasyny iki esse azaltmaga mümkinçilik berjek tehnologiki üstünlik gazanandygyny habar berdi. Şeýlelikde, tiz wagtdan elektrik ulaglary täze derejä çykyp biler.

Dünýäde ululygy boýunça ikinji orunda durýan awtoulag öndürijisi suwuklykly batareýalardan ep-esli artykmaçlyklary hödürleýän ösen gaty batareýalary bolan ulaglary satuwa çykarmak meýilnamasy bilen öňe barýar.
Sişenbe güni, 4-nji iýulda ýapon kompaniýasy gaty batareýalary öndürmek üçin ulanylýan materiallaryň öndürilişini aňsatlaşdyrandygyny aýtdy we açyşy zarýad beriş wagtyny ep-esli azaldyp hem-de diapazony artdyryp biljek möhüm ädim diýip atlandyrdy.
Toyota batareýalary has uzaga çekdirmegiň usullaryny oýlap tapdy we indi 10 minutda ýa-da ondanam az wagtda zarýad alyp bilýän, 1200 km aralygy geçmäge ýetýän gaty batareýany döredip biljekdigine ynanýar.
Kompaniýa 2027-nji ýyldan başlap, elektrik ulaglarynda ulanmak üçin täze gaty batareýalary köpçülikleýin öndürmegi ýola goýmagy göz öňünde tutýar.


24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

24.06.2026 17:04
3.2k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

24.06.2026 14:05
5k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

24.06.2026 08:16
3.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......