Türkmenistanly ýeňil atletikaçy ýekedaban zyňmak boýunça halkara ýaryşda altyn medal aldy

  • 05.07.2023 14:14
  • 27k+

Türkmenistanly ýeňil atletikaçy Mergen Mämmedow 1-2-nji iýulda Gazagystanyň Almaty şäherinde geçirilen halkara ýaryşda ýekedaban zyňmak boýunça altyn medala mynasyp boldy.

Halkara ýaryş meşhur gazak türgeni Gusman Kosanowyň hatyrasyna her ýyl geçirilýär. Onuň «World Athletics Continental Tour» tapgyrynyň senenamasyna girizilýändigini we abraýy boýunça bürünç derejeli ýaryşlaryň biridigini aýtmak gerek. Bu ýaryş şol bir wagtyň özünde Olimpiýa oýunlary — 2024-iň saýlama tapgyrlarynyň biri bolup durýar.
Şeýle bolansoň, halkara ýaryşa Türkmenistandan, Hytaýdan, Hindistandan, Tailanddan, Eýrandan, Täjigistandan, Özbegistandan, Gyrgyzystandan, Ermenistandan, Azerbaýjandan, Gruziýadan hem-de Gazagystandan türgenler gatnaşdylar.
Ýekedaban zyňmak boýunça ýaryşlara gatnaşan türkmen türgeni Mergen Mämmedowa taý tapylmady. Onuň zyňan ýekedabany 70 metre çenli baryp ýetdi. Munuň özi ýaryşyň kümüş medalynyň eýesi gazagystanly türgen Wadim Puntusyň görkezen netijesinden 20 metr çemesi kändir. Üçünji orny bolsa 39,93 metrlik netije bilen gazagystanly türgen Ýewgeniý Labutow eýeledi.
Umuman, Almaty Mergen Mämmedowyň sport ýoly üçin düşümli şäherleriň biri. Ol 2013-nji ýylda hut şu şäherde 74,01 metrlik netije bilen Türkmenistanyň rekordyny hem goýupdy.


22.06.2026 22:55
5.9k+

Gazagystan figuralaýyn typmak boýunça iň iri ýaryşlaryň birini geçirmek hukugyny aldy

Astana şäheri taryhda ilkinji gezek figuralaýyn typmak boýunça Dört yklymyň çempionatyny kabul eder. Halkara konkide typyjylaryň birleşiginiň (ISU) beren maglumatyna görä, bu halkara ýaryş 2027-nji ýylyň......

22.06.2026 17:52
5.2k+

Ulan-Batordaky ýaryş jemlendi: dzýudoçy Maýsa Pardaýewa bürünç medal gazandy

Türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyrynyň ilkinji tapgyry bolan Ulan-Batordaky «Uly tuwulga» ýaryşynda 57 kg çenli agram derejesinde......

18.06.2026 14:40
4.5k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......

17.06.2026 13:03
17k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......