Tesla II çärýekde üpjünçiligi rekord 466 müň awtoulaga çenli ýokarlandyrdy

  • 04.07.2023 12:04
  • 8.1k+

2023-nji ýylyň II çärýeginde Tesla elektromobil öndürijisi bahalaryň arzanlamagy we elektromobil satyn almak üçin hökümet tarapyndan berilýän pul kömegi netijesinde üpjünçiligi ep-esli ýokarlandyrdy. Bu barada kompaniýanyň metbugat gullugyna salgylanyp, interfax.ru habar berýär.

Kompaniýa aprel – iýun aýlarynda global bazara bir ýyl ozalky 254 695 awtoulaga derek 466 145 awtoulag iberdi. Bu görkeziji Tesla üçin rekord boldy.
Refinitiv tarapyndan sorag edilen analitikler üpjünçiligiň ortaça 445 müň awtoulag bolmagyna garaşypdylar. Model 3 we Model Y modelleriniň üpjünçiligi 446 915 birlik, has gymmat Model S we Model X modelleriniň üpjünçiligi bolsa 19 225 birlik boldy.
Geçen çärýek Tesla 479,7 müň awtomobil öndürdi, bu bir ýyl ozalkydan 85,5% köpdür. Önümçilik yzygider bäşinji çärýek üpjünçilikden ýokary bolýar.
Tesla birinji çärýek üçin maliýe hasabatyny 19-njy iýulda amerikan bazary ýapylandan soň hödürlemegi meýilleşdirýär.
2023-nji ýylyň başyndan bäri awtoöndürijiniň paýnamalarynyň bahasy 2,1 esse (112%) ýokarlandy, bu döwürde Nasdaq Composite maliýe indeksi 31,7% artdy.


24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

24.06.2026 17:04
3.2k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

29.05.2026 23:38
3.6k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......