Şu tomsuň iň meşhur syýahatçylyk ugurlary kesgitlendi

  • 02.07.2023 17:31
  • 22k+

2023-nji ýylda iň meşhur tomusky ugurlar saýlandy, onluga birbada Ýewropanyň 6 şäheri girdi diýip, Tengritravel.kz habar berýär.

ForwardKeys analitik kompaniýasy şu tomus (1-nji iýuldan 31-nji awgust aralygy) dünýäde iň meşhur 100 ugry kesgitledi. Kompaniýanyň hasabaty dünýä jemgyýetçiliginiň islegleriniň COVID-19 pandemiýasy sebäpli düýpli üýtgändigini görkezdi.
1,1 milliarddan gowrak gözleg talaplaryny işlemegiň netijesi boýunça, tomus üçin iň meşhur şäher – ugur ikinji orny eýelän Parižden öňe geçen Bangkok boldy.
Şeýle-de bolsa, Ýewropa sanawdaky şäherleriň umumy sany boýunça iň bir isleg bildirilýän ugur bolmagynda galýar. Sanawyň ilkinji üçlügini London jemleýär. Onuň yzyndan Denpasar (Bali), Barselona, Nýu-Ýork, Lissabon, Stambul, Madrid, Afina şäherleri gelýär.
Sanawyň ilkinji ýigrimiliginden, bulardan başga-da, Palma-de-Maýorka, Singapur, Tokio, Kuala-Lumpur, Amsterdam, Kopengagen, Los-Anjeles, Rim, Manila, Frankfurt ýaly şäherler orun aldy. Olaryň yzyny Antalýa, Berlin, Kankun, Kair, Deli, Dubaý ýaly birnäçe ajaýyp şäherler dowam etdirýär.
Geçen ýylky reýtingler bilen deňeşdirilende dürli ugurlaryň meşhurlygy bilen bagly düýpli üýtgeşmeler bolup geçdi diýip, çeşme belleýär. Tailandyň paýtagty Bangkokyň üç orun ýokary galyp, Parižden hem öňe geçip, birinji orny eýelemegi muňa aýdyň delildir.


05.06.2026 21:38
5.8k+

Beýik Britaniýada €6,8 milliarda «Universal» dynç alyş seýilgähi gurlar

NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar....

05.06.2026 12:02
6.3k+

Laplandiýada syýahatçylary çekmek üçin gymmaty 20 müň ýewro bolan hazyna gizlenildi

Laplandiýadaky fin şypahanasy Lewi sebite gyş paslyndan başga döwürlerde hem köp syýahatçy çekmek maksady bilen, gymmaty 20 müň ýewro deň bolan hazynany gözlemek boýunça tomusky aksiýanyň başlanandygyny yglan......

01.06.2026 13:04
3k+

Syýahatçylygyň ösmegi Islandiýany dünýäniň iň gymmat ýurduna öwürdi

Islandiýa bahalaryň umumy derejesi boýunça Şweýsariýadan öňe geçip, ýene-de dünýäniň iň gymmat ýurdy boldy. Bu barada «Bloomberg» agentligi Viska intellektual zähmet işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň......

27.05.2026 14:41
6.9k+

Malaýziýada 7351 otagly dünýäniň iň uly myhmanhanasy hereket edýär

Malaýziýanyň «Genting-Haýlends» kurort toplumynda ýerleşýän «First World Hotel» dünýäniň iň iri myhmanhanasy derejesini saklap gelýär. Giňeldilme işlerinden soň, toplumyň otag sany 7351-e ýetdi, bu bolsa oňa......