Çempionlar ligasynyň bäş gezek ýeňijisi Garet Beýl Britan imperiýasynyň ordenine mynasyp boldy

  • 02.07.2023 17:21
  • 22k+

Madridiň “Realynyň” düzüminde Çempionlar ligasynyň bäş gezek ýeňijisi Garet Beýl Britan imperiýasynyň ordenine mynasyp boldy. 33 ýaşly futbolçy dabaradan alnan suraty özüniň “Twitterdäki” sahypasynda ýerleşdirdi. Bu barada sportrbc.ru habar berýär.

Beýle baýragy Uels şazadasy William gowşurdy.

“Meniň üçin Uels şazadasyndan Britan imperiýasynyň ordenini almak uly hormat. Şeýle ajaýyp we ruhlandyryjy adamlar bilen gurşalan örän üýtgeşik säher” – diýip, Beýl ýazdy.

Beýl karýerasynyň dowamynda “Sautgempton”, “Tottenhem”, “Real” we “Los-Anjeles” üçin oýnady. Ol transfer bahasy 100 mln ýewro ýeten ilkinji oýunçy boldy. Ol hut şu mukdara 2013-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda “Tottenhemden” “Reala” geçdi.
Beýl karýerasyndaky esasy üstünlikleri Madridiň kluby bilen gazandy – Çempionlar ligasynda bäş ýeňiş (2014, 2016, 2017, 2018, 2022), üç gezek Ispaniýanyň çempiony tituly (2017, 2020, 2022), iki UEFA-nyň Super kubogy (2014, 2017). Uelsiň milli ýygyndysy üçin Beýl 111 oýna gatnaşyp, 40 gol geçirdi. Görkezijileriň ikisi-de rekorddyr.
Beýl 2023-nji ýylyň ýanwar aýynda karýerasyny tamamlaýandygyny mälim etdi.


19.06.2026 19:56
6.8k+

Şotlandiýaly janköýer ýygyndysynyň oýny üçin ABŞ-ny pyýada söküp, haýyr-sahawat üçin 1 million funt sterling toplady

Şotlandiýanyň Peýsli şäherinden bolan 22 ýaşly futbol janköýeri Kreýg Fergýuson ABŞ-nyň tutuş çägini pyýada kesip geçdi. Bu barada «WBUR» radiostansiýasy habar berýär....

19.06.2026 19:18
4k+

Ed Şiran gyzlary bilen wagt geçirmek üçin sahnadan gidýär

Meşhur 35 ýaşly britaniýaly aýdymçy Ed Şiran aýdym-saz işini wagtlaýyn bes etmek isleýändigini aýtdy. Artist bu barada häzirki wagtda dowam edýän LOOP gastrolynyň çäklerinde Glendeýlde (Arizona ştaty) bolan......

16.06.2026 23:19
2.4k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

13.06.2026 09:33
10k+

Eger ABŞ DÇ-2026-da ýeňiji bolsa, Jeep 100 sany wnedorožnigi sowgat berer. Emma birje ýönesi bar...

Amerikanyň Jeep brendi Futbol boýunça dünýä çempionatynyň şanyna adaty bolmadyk watançylyk mahabat kampaniýasyny başlady. Kompaniýa eger ABŞ-nyň topary çempionatda ýeňiş gazansa, 100 sany Jeep Wrangler......