Gurbanguly Berdimuhamedow Mekgede Kataryň Emiriniň ýörite wekili Hadi bin Ali Al Marri bilen duşuşdy

  • 01.07.2023 07:59
  • 21k+

30-njy iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Mekge şäherinde dünýäde iň uly Al-Haram metjidinde gurbanlyk sadakasyna gatnaşmak üçin gelen Katar Döwletiniň Emiriniň ýörite wekili Hadi bin Ali Al Marri bilen duşuşdy.

Duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, dostlukly ýurduň emiriniň ýörite wekili, ilki bilen, hajy Arkadagymyzy mukaddes Gurban baýramy hem-de häzirki zamanyň ýokary görkezijilerine doly laýyk gelýän şäher hökmünde ykrar edilen Arkadag şäheriniň açylmagy bilen gutlady. Şeýle-de ol mukaddes toprakda berlen gurbanlyk sadakasynyň kabul bolmagyny Beýik Biribardan dileg etdi.
Duşuşygyň dowamynda ýörite wekil hajy Arkadagymyza Katar Döwletiniň Emiriniň gutlaglaryny we mähirli sözlerini ýetirdi.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň çäklerinde ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösdürmäge gönükdirilen täze taslamalaryň hem-de maksatnamalaryň durmuşa geçirilýändigini belläp, hajy Arkadagymyz bu babatda ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmegiň ägirt uly geljeginiň we mümkinçilikleriniň bardygyna ünsi çekdi.
Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistan bilen Katar Döwletiniň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de berkidiljekdigine ynam bildirildi.


düýn 17:31
1.1k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:39
1.8k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
2.8k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
4.5k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....