Gurbanguly Berdimuhamedow RF-niň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

  • 30.06.2023 11:08
  • 22k+

29-njy iýunda haj parzynyň dessurlaryny berjaý etmek üçin Saud Arabystany Patyşalygynda saparda bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy.

Russiýanyň parlamentiniň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysy Gurbanguly Berdimuhamedowy doglan güni bilen mähirli gutlap, Prezident Wladimir Putiniň bu şanly sene mynasybetli gutlaglaryny ýetirdi. Walentina Matwiýenko pursatdan peýdalanyp, Halk Maslahatynyň Başlygyny Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň ulanmaga berilmegi bilen gutlady.
Söhbetdeşligiň dowamynda iki döwletiň we olaryň halklarynyň arasynda ýakynlaşmagyň, özara düşünişmegiň möhüm şerti hökmünde çykyş edýän parlamentara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň zerurdygy aýratyn nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, bu ulgamdaky gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge ýardam bermek meýli beýan edildi.


şu gün 07:42
684

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......