Serdar Berdimuhamedow Täjigistanyň Aşgabatdaky täze bellenen ilçisini kabul etdi

  • 29.06.2023 10:40
  • 5.1k+

28-nji iýunda Täjigistan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Wafo Alibek Niýatbekzoda Prezident Serdar Berdimuhamedowa ynanç hatyny gowşuryp, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň mähirli salamyny ýetirdi.

Döwlet Baştutany Wafo Alibek Niýatbekzoda möhüm we jogapkärli wezipesinde uly üstünlikleri arzuw edip, diplomatyň tagallalarynyň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdi.
Duşuşygyň barşynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Täjigistanyň arasyndaky syýasy dialogda Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly abraýly halkara guramalaryň, sebit düzümleriniň çäklerinde ysnyşykly gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berilýär.
Duşuşygyň ahyrynda Serdar Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Wafo Alibek Niýatbekzoda döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilen jogapkärli wezipesinde üstünlikleri arzuw etdi.


08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.5k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......