Gurbanguly Berdimuhamedow «Ömrümiň manysynyň dowamaty» diýen kitabyny ýazyp tamamlady

  • 29.06.2023 10:13
  • 15k+

28-nji iýunda, Gurban baýramynyň birinji gününde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitaby köpçülige ýetirildi.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň üçünji mejlisininiň barşynda Gurbanguly Berdimuhamedow ýakynda «Ömrümiň manysynyň dowamaty» diýen kitabyny ýazyp tamamlandygyny aýtdy.

«Elbetde, her bir ynsan öz ömrüni many bilen bezemäge çalyşýar. Men geçilen ýollar, duşuşyklar, ynsan ykballary hakynda kän oýlanýaryn. Täze kitabymda hem, ine, şolar barada pikir ýöretdim. Iş saparlarymdaky wakalary, dünýäniň abraýly syýasy işgärleri bilen bolan duşuşyklarymy ýakymly ýatlamalar bilen täze kitabymda hem beýan etdim. Durmuş ýoly uzak. Oý-pikirler entegem kän. Şonuň üçin bu kitabyň — «Ömrümiň manysynyň dowamatynyň» hem dowamaty bolar diýip ynandyrýaryn. Häzir men täze kitabymy size gowşuraýyn» Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisiň barşynda aýtdy.


şu gün 07:42
684

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......