Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaşulular geňeşiniň üçünji mejlisini geçirdi

  • 29.06.2023 09:23
  • 8.3k+

28-nji iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň binasynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň üçünji mejlisini geçirdi.

Mejlisiň barşynda geňeşiň agzalarynyň terbiýeçilik, öwüt-ündew, wagyz-nesihat, ösüp gelýän ýaş nesillerimizi goldamak babatda ýerlerde alyp barýan işleri, şeýle hem obadyr şäherleriň ýagdaýlary, oba zähmetkeşleri bilen geçirýän çäreleri barada pikir alşyldy, öňde duran döwlet ähmiýetli, hususan-da, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli geçiriljek çärelere, Arkadag şäheriniň açylyşy mynasybetli geçiriljek dabaralara, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine we ondan soňky çärelere ýaşuly nesliň gatnaşmagyny guramak meselelerine garaldy.
Şeýle hem mejlisiň gün tertibine hemaýata mätäç çagalara goldaw bermegiň çäginde alnyp barylýan işlere, hususan-da, çagalar öýlerinde terbiýelenýän çagalar üçin döredilýän şertler, olara türkmeniň milli däpleri esasynda mynasyp at dakmak barada degişli çözgütler kabul etmek, Ýaşulular geňeşiniň agzalarynyň gatnaşmagynda Saud Arabystany Patyşalygyna, mukaddes Mekgä amala aşyryljak sapara taýýarlyk bilen bagly meseleler girizildi.


şu gün 07:42
684

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......