Hytaýdan ugran konteýner düzümi Türkmenistanyň üstünden geçip Özbegistana barýar

  • 25.06.2023 18:18
  • 35k+

Özbegistan Hytaýyň Sýamen şäherinden Türkmenistanyň üsti bilen Daşkente konteýner otly gatnawyny ýola goýdy.

Ilkinji otly düzümine dürli görnüşli hojalyk tehnikalary — holodilnikler, kir maşynlary we gaz plitalary ýüklenildi. Otly düzümi şu gün, 25-nji iýunda Özbegistanyň paýtagtyna ýeter. Konteýner düzümi ýolda umumylykda 14 gün sarp etdi.
Otly düzümi 39 sany kyrk futluk konteýnerden ybarat. Hytaýyň Sýamen port şäherinden bu ýükler deňiz arkaly Eýranyň Bender-Abbas portuna getirilýär. Ol ýerden konteýnerler otla ýüklenilip, Eýranyň we Türkmenistanyň üsti bilen Özbegistana iberilýär.


şu gün 09:38
1k+

Türkmenistanyň DIM-inde HZG-niň wekilleri bilen pudagara tegelek stol maslahaty geçirildi

2026-njy ýylyň 12-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Halkara Zähmet Guramasynyň (HZG) wekilleriniň gatnaşmagynda zähmet, durmuş taýdan goraglylyk we durnukly ösüş meselelerine bagyşlanan tegelek stol maslahaty geçirildi...

şu gün 09:35
702

Türkmenistan bilen HZG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary kesgitlenildi

2026-njy ýylyň 12-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M. Bäşimowa Halkara Zähmet Guramasynyň (HZG) Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça sebit direktory Piter Wan Rooý bilen duşuşyk geçirdi...

düýn 20:33
1.2k+

Türkmenistanyň ilçisi Ýaponiýanyň atçylyk sport birleşiginiň ýolbaşçylary bilen duşuşdy

2026-njy ýylyň 12-nji martynda Tokioda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi A. Baýramowyň Ýaponiýanyň atçylyk sport birleşiginiň we Tokio atçylyk toplumynyň ýolbaşçylary Ito Hiroşi hem-de Ýoşikazu Masuda bilen duşuşygy geçirildi...

düýn 19:56
5.5k+

Türkmenistanyň we Türkiýäniň migrasiýa edaralarynyň wekilleri iş maslahatyny geçirdi

2026-njy ýylyň 11-nji martynda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň we Türkiýe Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Migrasiýa müdirliginiň wekilleriniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly iş duşuşygy geçirildi...