Medeniýet hepdeliginiň çäginde çäreler dowam edýär

  • 25.06.2023 11:35
  • 3.2k+

24-nji iýunda Türkmenistanda «Medeniýet hepdeligi — 2023-iň» üçünji gününiň meýilnamasy sungat ussatlarynyň, ýaş artistleriň aýdym-sazly we folklor çykyşlary bilen utgaşdy.

Ir bilen Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Ýörite sazçylyk mekdep-internatynda körpeleriň «Bagtyýar çagalyk» atly çykyşy geçirildi. Ýaş ýerine ýetirijiler myhmanlary aýdym-sazly, horeografik we folklor çykyşlary bilen begendirdiler.
Giň gerimli döredijilik forumynyň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Magtymguly Pyraga bagyşlanan goşgularyň çeper okaýyşlary hem-de ýaş şahyrlaryň we žurnalistleriň «Ylham joşguny» atly döredijilik maslahaty geçirildi.
Bu çärelere Magtymgulynyň döredijiliginiň sarpa goýýanlaryň köpsanlysy, ylym we medeniýet işgärleri, ýazyjylar we žurnalistler, halk aýdym-sazlaryny ýerine ýetirijiler gatnaşdylar.
Agşam aşgabatlylar we paýtagtymyzyň myhmanlary Türkmenistanyň Döwlet sirkinde guralan baýramçylyk dabaralaryna – «Galkynyş» Milli at üstündäki oýunlar toparynyň, howa akrobatlarynyň, darbazlaryň, masgarabazlaryň çykyşlaryna tomaşa etdiler.
Döredijilik forumynyň üçünji güni «Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkezinde Lebap we Mary welaýatlarynyň sungat ussatlarynyň konserti bilen jemlendi.


düýn 15:15
977

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

12.06.2026 01:36
5k+

Lebap welaýatynda migrasiýa gullugynyň işgärleri üçin ýaşaýyş jaýy gurlar

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Döwlet migrasiýa gullugynyň Lebap welaýaty boýunça müdirliginiň etrap bölüminiň işgärleri üçin gulluk ýaşaýyş jaýynyň taslamasyny düzmek, ony gurmak, ýanaşyk......

11.06.2026 14:06
7.3k+

«Türkmenistan: Sport» teleýaýlymy DÇ-2026-nyň 104 oýnunyň ählisini görkezer

«Türkmenistan: Sport» teleýaýlymy 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň ähli oýunlaryny görkezer. Dünýä çempionaty eýýäm şu gije, Aşgabat wagty bilen sagat 00:00-da başlar....

11.06.2026 14:01
7.8k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....