Türkmenistanda Magtymguly Pyraga bagyşlanan halkara ylmy maslahat geçiriler

  • 24.06.2023 10:15
  • 4.5k+

Türkmenistanda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri we Magtymguly Pyragy» atly halkara ylmy maslahaty geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu barada wise-premýer N.Amannepesow anna güni Hökümet mejlisinde hasabat berdi.

Forum türkmen nusgawy şahyry we Gündogaryň akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny baýram etmäge bagyşlanan çäreleriň Meýilnamasyna laýyklykda geçirilýär. Maslahata gatnaşyjylar we myhmanlar üçin uly medeni maksatnama taýýarlanyldy. Şol maksatnama Arkadag şäherine, “Nusaý” döwlet taryhy-medeni goraghanasyna we paýtagtymyzyň muzeýlerine gezelençleri guramak, “Aşgabat” kinokonsert merkezinde filmleri görkezmek ýaly çäreler, konsertler, sergiler we beýlekiler girizildi.
Giň gerimli foruma Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary, Azerbaýjandan, Türkiýeden, Hytaýdan, Koreýa Respublikasyndan, Gyrgyzystandan, Hindistandan, Özbegistandan, Yrakdan, Alžirden, Eýrandan, Rumyniýadan, Belarusdan, Gruziýadan we beýleki döwletlerden alymlar, magtymgulyşynaslar, ýurdumyzyň alymlary, professorlary we ýaş alymlary gatnaşarlar.


19.06.2026 10:10
3.1k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.2k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

18.06.2026 09:53
1.9k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:24
6.8k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......