Türkmenistanda 2023-nji ýylyň iýul aýynda geçiriljek esasy çäreler

  • 24.06.2023 10:10
  • 12k+

23-nji iýunda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer M.Mämmedowa 2023-nji ýylyň iýul aýynda geçiriljek esasy çäreler barada hasabat berdi.

Öňümizdäki aýda ýurdumyzyň welaýatlarynda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde 2023-nji ýylyň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip yglan edilmegi, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli maslahatlary, döredijilik duşuşyklaryny, brifingleri, şeýle hem “akylly” şäher bolan Arkadag şäheriniň mümkinçilikleri bilen tanyşdyrýan wagyz-nesihat çärelerini geçirmek meýilleşdirilýär. Iýul aýynda yglan edilen döredijilik bäsleşikleriniň jemlerini jemlemek, sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlary geçirmek göz öňünde tutulýar. Çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde-de köpçülikleýin medeni çäreler, bäsleşikler, sport ýaryşlary geçiriler.
Daşoguz, Türkmenabat we Mary şäherlerindäki “Türkmeniň ak öýi” binalarynda “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlary boýunça jemleýji tapgyrlary, Änew şäheriniň medeniýet öýünde we Balkanabat şäherindäki “Türkmeniň ak öýi” binasynda “Çalsana, bagşy!” atly bäsleşigiň Ahal we Balkan welaýatlary boýunça jemleýji tapgyrlary geçiriler. 8-nji iýulda Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda ýurdumyzyň wäşileriniň çykyşlaryny guramak, 15-nji iýulda Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda dabaraly maslahaty we neşir önümleriniň sergisini geçirmek göz öňünde tutulýar.
3 — 9-njy iýul aralygynda Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkinde, 10 — 31-nji iýul aralygynda bolsa Türkmenistanyň Döwlet sirkinde Russiýanyň meşhur sirkiniň artistleriniň, şeýle hem “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň bilelikdäki çykyşlaryny guramak meýilleşdirilýär.


19.06.2026 10:10
3.1k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.2k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

18.06.2026 09:53
1.9k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:24
6.8k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......