Ahaldan we Aşgabatdan uçurymlary Arkadag şäherine işe ýollamak göz öňünde tutulýar

  • 24.06.2023 09:49
  • 34k+

Ahal welaýatyndan we Aşgabat şäherinden ýurdumyzyň uçurymlaryny Arkadag şäherine işe ýollamak göz öňünde tutulýar. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Anna güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer N.Amannepesowyň habar berşi ýaly, häzirki wagtda Arkadag şäherine döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk ýagdaýynyň berilmegi bilen, şäheriň edaralarynyň, guramalarynyň we kärhanalarynyň öňünde goýlan wezipeleri ýokary hilli amal etmek, işgärler köpçüliginiň üstüni yzygiderli ýetirmek maksady bilen, Ahal welaýatyndan we Aşgabat şäherinden ýurdumyzyň orta hünär we ýokary okuw mekdeplerini üstünlikli tamamlaýan uçurymlary Arkadag şäherine işe ýollamak göz öňünde tutulýar.
Şunuň bilen baglylykda, Prezident Serdar Berdimuhamedow mejlisiň barşynda Orta hünär we ýokary hünär bilimi edaralarynyň uçurymlaryny işe ýollamagyň Düzgünnamasyna üýtgetmeleri we goşmaçalaru girizmek hakynda resminama gol çekdi.


26.06.2026 20:41
1.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
3.9k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......

23.06.2026 18:58
3.1k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

19.06.2026 18:41
3.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......