BSGG: dünýäde dört hepdede COVID-19 bilen keselläp ýogalanlaryň sany 58% azaldy

  • 23.06.2023 16:49
  • 9.9k+

22-nji maýdan 18-nji iýun aralygynda dünýäde 1,2 milliondan gowrak adam koronawirus ýokanjy bilen keselledi, 7,1 müňden gowrak adam aradan çykdy. Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň anna güni agşam beren habaryna görä, ýogalanlaryň sany, öňki 28 gün bilen deňeşdirilende, 58%, kesel ýokuşanlaryň sany 48% azaldy.

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň maglumatlaryna görä, dünýäde dört hepdäniň içinde 1 210 687 ýokaşma we 7 168 ölüm ýagdaýy hasaba alyndy. Bu döwürdäki hadysalaryň aglabasy Koreýa Respublikasynda ýüze çykaryldy – 363 382. Ondan soň Awstraliýa (135 144), Braziliýa (85 987), Fransiýa (71 197) we Singapur (54 581) gelýär. Braziliýada 22-nji maýdan 18-nji iýuna çenli aralykda ýogalanlaryň sany içinde iň köpi boldy - 978. Ondan soň Ispaniýa (729), Russiýa (526), Awstraliýa (496) we Italiýa (420) gelýär.
Global saglygy goraýyşda kowid bilen baglanyşykly adatdan daşary ýagdaý 2020-nji ýylyň ýanwar aýynyň ahyryndan 2023-nji ýylyň 5-nji maýyna çenli dowam etdi. BSGG 2020-nji ýylyň 11-nji martynda COVID-19 ýokanjyny pandemiýa diýip häsiýetlendirdi. Guramanyň web sahypasynda çap edilen maglumata görä, 21-nji iýuna çenli ýagdaý boýunça dünýäde koronawirus bilen 768 187 096 adamyň keselländigi, 6 945 714 adamyň bolsa ýogalandygy hasaba alyndy. BSGG-nyň baş müdiri Tedros Adanom Gebreýesus 5-nji maýda Ženewada geçirilen brifingde hakyky ýogalanlaryň sanynyň azyndan 20 milliondygyny aýtdy.


düýn 23:49
223

Ýewropada Alsgeýmer keselini anyklamak üçin täze gan barlagy tassyklanyldy

Şweýsariýanyň Roche derman senagaty kompaniýasy Alsgeýmer keselini anyklamak we inkär etmek üçin «Elecsys pTau217» gan barlagyny ulanmaga Ýewropadan rugsat aldy....

11.05.2026 23:10
2.8k+

ABŞ-da bäş aýlyk çagada Kanawan keselini bejermek boýunça seýrek operasiýa geçirildi

ABŞ-da seýrek duş gelýän neslegeçiji keselleriň biri bolan Kanawan keselinden ejir çekýän irlandiýaly bäbekde synag görnüşindäki gen terapiýasy amala aşyryldy. Bu ädim dünýäde şular ýaly ilkinji lukmançylyk......

10.05.2026 18:46
4k+

BSGG-niň ýolbaşçysy hantawirusy pandemiýa bilen deňeşdirmezlige çagyrdy

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Gebreýesus hantawirusyň COVID-19 pandemiýasy ýaly uly howp döretmeýändigini resmi taýdan mälim etdi....

08.05.2026 22:15
7.6k+

ABŞ-da heniz dünýä inmedik çaga operasiýa edilip, ýene ene göwresine ýerleşdirildi

Amerikanyň Florida ştatynda lukmanlar göwrelilik döwründe çaganyň bedeninde örän seýrek duş gelýän operasiýany amala aşyrdylar....