Medeniýet hepdeligi — 2023: Hepdeligiň günleriniň çäreleri

  • 23.06.2023 10:43
  • 5.4k+

2023-nji ýylyň 22-27-nji iýuny aralygynda paýtagtymyzda geçirilýän «Medeniýet hepdeliginiň» meýilnamasy çäreleriň giň toplumyny öz içine alýar. TmCars hepdeligiň çäginde geçiriljek çäreleri dykgatyňyza ýetirýär.

23-nji iýunda Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzalarynyň, belli suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, külallaryň eserleriniň sergisi guralar hem-de «Döwlet guşy» atly döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlener.
24-nji iýunda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynda dabara geçiriler. Çagalaryň taýýarlan «Bagtyýar çagalyk» atly baýramçylyk çykyşlary diňleniler.
Döwlet kitaphanasynyň sergi merkezinde ýurduň şahyrlarynyň Magtymguly Pyraga bagyşlap döreden goşgularynyň çeper okaýyşlary geçiriler. Ýaş şahyrlaryň we žurnalistleriň «Ylham joşguny» atly döredijilik maslahaty guralar.
Döwlet sirkinde baýramçylyk sirk tomaşalary görkeziler.
25-nji iýunda Erkin döredijilik mekanynda žurnalistleriň «Döwür we žurnalistika» atly mediaforumy, Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergi zalynda «Bagtyýar ýaşlar — gözelligiň waspçysy» atly surat bäsleşigi guralar.
«Aşgabat» kinoteatrynda «Istärin» atly kinofilm we ýurduň Baş akademiki drama teatrynyň sahnalaşdyran «Gelin gelýär» atly sahna oýny görkeziler.
26-njy iýunda Döwlet kitaphanasynyň sergi merkezinde kitap sergisi, kitaphana işini ösdürmäge bagyşlanan iş maslahaty geçiriler.
Mukamlar köşgünde bolsa akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň sözlerine döredilen aýdymlaryň konserti, Mollanepes adyndaky talyplar teatrynda ýurduň wäşileriniň çykyşlary guralar.
27-nji iýunda Magtymguly Pyragynyň Aşgabat şäherindäki ýadygärligine gül goýlup, Medeniýet hepdeliginiň ýapylyş dabarasy, Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli baýramçylyk konserti bu döredijilik forumynyň jemleýji çäreleri bolar.


düýn 20:34
1.2k+

«Ýaş tebigatçy» guramasy «Bilelikde ýaşyl geljege!» eko-festiwalyna gatnaşmaga çagyrýar

«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Aşgabadyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny ekologiýa medeniýetini ösdürmäge hem-de durnukly ösüşe bagyşlanan «Bilelikde ýaşyl geljege!» atly eko-festiwala gatnaşmaga......

23.06.2026 19:04
8.6k+

Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy ýük ulaglary üçin sürüjileri işe alýar

Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy «KamAZ 6520» kysymly agyr ýük göteriji awtoulaglary dolandyrjak sürüjileri işe alýandygyny mälim etdi....

19.06.2026 10:10
3.5k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.4k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......