Aşgabatda Medeniýet hepdeligi badalga aldy. Ol 27-nji iýuna çenli dowam eder

  • 23.06.2023 10:32
  • 4.2k+

22-nji iýunda Aşgabatda Medeniýet hepdeliginiň dabaraly açylyşy boldy. Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanyp geçirilýän bu hepdelik ýurdumyzda 11-nji gezek geçirilýär.

Medeniýet hepdeligine gatnaşmak üçin ýurdumyzyň sebitlerinden meşhur teatr artistleri, estrada we halk aýdymlaryny ýerine ýetirijiler, muzeý we kitaphana işiniň hünärmenleri, suratkeşler, şahyrlar, meşhur ansambl we folklor-etnografik toparlary geldiler.
Medeniýet hepdeliginiň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçirilen açylyş dabarasyna köpsanly gatnaşyjylar, paýtagtymyzyň ýaşaýjylary we myhmanlary gatnaşdylar. Bu ýerde milli senetçilik, keramika, heýkeltaraşlyk, zergärçilik we şekillendiriş sungatynyň önümleri görkezildi.
Mukamlar köşgünde ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň we meşhur döredijilik toparlarynyň çykyş etmeklerinde uly baýramçylyk dabarasy guraldy.
Medeniýet hepdeliginiň açylyşyna bagyşlanan çäreler günüň ikinji ýarymynda Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde dowam etdi. Bu ýerde “Muzeýlerde gurnalan sanly ulgamyň mümkinçilikleriniň muzeý işini ösdürmekdäki ähmiýeti” atly muzeý hünärmenleriniň iş maslahaty hem-de muzeý gymmatlyklaryny rejelemek işini kämilleşdirmekde dünýä tejribesini öwrenmek boýunça usulyýet okuwlary geçirildi.


düýn 20:34
1.2k+

«Ýaş tebigatçy» guramasy «Bilelikde ýaşyl geljege!» eko-festiwalyna gatnaşmaga çagyrýar

«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Aşgabadyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny ekologiýa medeniýetini ösdürmäge hem-de durnukly ösüşe bagyşlanan «Bilelikde ýaşyl geljege!» atly eko-festiwala gatnaşmaga......

23.06.2026 19:04
8.6k+

Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy ýük ulaglary üçin sürüjileri işe alýar

Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy «KamAZ 6520» kysymly agyr ýük göteriji awtoulaglary dolandyrjak sürüjileri işe alýandygyny mälim etdi....

19.06.2026 10:10
3.5k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.4k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......