Türkmen alymlary Derwezede 50 ýyldan bäri ýanyp duran gaz kraterini söndürmegiň taslamasyny taýýarladylar

  • 20.06.2023 17:47
  • 73k+

«Türkmengaz» döwlet konserniniň hünärmenleri Garagum sährasynda Derwezede 50 ýyl mundan öň barlag guýusynyň opurylmagy netijesinde alawlap duran gaz kraterini söndürmegiň taslamasyny taýýarladylar. Bu barada TASS agentligi konserniň Tebigy gazyň ylmy-barlag institutynyň barlaghanasynyň müdiri Irina Lurýewanyň sözlerine salgylanyp habar berýär.

"Biz taslamany taýýar etdik. Onuň esasy özeni bu adatdan daşary guýa gaz akymyny çäklendirmekde jemlenýär» — diýip, Lurýewa aýtdy we taslamanyň häzirki wagtda degişli edaralar tarapyndan «ylalaşmak tapgyryndadygyny» habar berdi.

Tebigy gazyň biderek ýere ýanmagynyň öňüni almak boýunça çözgüt gaz krateriniň golaýynda gaz çykaryjy guýyny gurmakda jemlenýär. Bu guýy gaz kraterine barýan tebigy gazyň ýoluny sowmaga we senagat ähmiýetli ulanmaga ýardam eder. Mälim edilişine görä, gaz krateri örän çylşyrymly ýerasty gurluşa eýedir.
“Garagumyň ýalkymy” diýlip atlandyrylýan bu gaz krateri 1971-nji ýylda bu ýerde gurlan barlag guýusynyň opurylmagy netijesinde emele gelýär. 2022-nji ýylyň 7-nji ýanwarynda geçirilen Hökümet mejlisinde Derweze sebitinde ýanyp duran tebigy gazy söndürmegiň çözgüdini tapmak bilen baglanyşykly anyk tabşyryklar berildi.
Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutany indi uzak ýyllardan bäri, Derweze sebitinde köp möçberde tebigy gazyň ýanyp durandygyny, bu ýagdaýyň ekologiýa, şeýle hem golaýynda ýaşaýan adamlaryň saglygyna ýaramaz täsir edýändigini aýtdy.


şu gün 20:00
451

Atoma we aýnalara esaslanan ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagatlary döredildi

Alymlar daşky utgaşdyrmasyz wagty ölçemäge ukyply bolan, ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagadynyň nazary modelini işläp düzdüler....

şu gün 17:07
512

Elektromagnit impulslary deňiz jandarlarynyň ömrüni uzaltmaga kömek etdi

Gysga wagtlyk elektrik impulslarynyň yzygiderli täsir etdirilmegi deňiz jandarlary bolan assidiýalaryň saglygynyň uzak wagtlap gowulanmagyna we olaryň ömrüniň ep-esli uzalmagyna getirýär. Amerikaly alymlaryň......

04.06.2026 19:55
5.6k+

Günde bolup geçen ýokary derejeli X partlamasy Ýerde magnit tupanlaryny güýçlendirer

3-nji iýunda Günde birnäçe güýçli partlama bolup gecdi, şondan soň birnäçe plazma buludy Ýere tarap ugur aldy. Alymlar olaryň özara täsiriniň planetanyň magnitosferasyna güýçli täsir edip biljekdigini......

04.06.2026 18:07
6.8k+

Özbegistanda tapylan gadymy çaga kelleçanagynda operasiýa yzy ýüze çykaryldy

Özbegistanly we italiýaly alymlar gadymy gonamçylykda kelleçanagy deşilen bäş ýaşly çaganyň galyndylaryny tapdylar. Barlagçylar bu operasiýany Merkezi Aziýanyň çäginde mälim bolan iň gadymy, şeýle-de tutuş......