Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň söwda dolanyşygy 2023-nji ýylda 3,6 esse artdy

  • 20.06.2023 16:53
  • 7.1k+

Trend agentliginiň berýän habaryna görä, Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 3,6 esse ýokarlanyp (106,93 million amerikan dollary), 392,74 million dollara ýetdi.

Azerbaýjanyň Döwlet gümrük komitetiniň maglumatlaryna laýyklykda, hasabat döwründe Türkmenistan Azerbaýjan bilen söwda taýdan iň gowy gatnaşyk saklaýan 15 ýurduň hataryna girdi.
Hasabat döwründe Türkmenistanyň Azerbaýjana eksporty 354,42 million dollara ýetdi, bu bolsa 2022-nji ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende, 3,6 esse artyp, 96,34 million dollar bolandygyny aňladýar.
Bu döwürde Azerbaýjanyň importynyň umumy mukdaryndaky Türkmenistanyň paýy, geçen ýylyň ilkinji bäş aýyndaky 1,88 göterim bilen deňeşdirilende, 5,18 göterime çenli ýokarlandy.
Şeýle hem Türkmenistan 2023-nji ýylyň ýanwar-maý aýlarynda Azerbaýjandan importy, 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 3,6 esse artdyrdy. Importyň mukdary 10,58 million dollardan 38,32 million dollara çenli ýokarlandy.
Agzalan wagtda, 2022-nji ýylyň ýanwar-maý aýlaryndaky 0,07 göterim bilen deňeşdirilende, Azerbaýjanyň eksportynyň umumy mukdaryndaky Türkmenistanyň paýy 0,24 göterime barabar boldy.
2022-nji ýylda Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda dolanyşygynyň 535,3 million amerikan dollaryna barabar bolandygyny bellemelidiris.


14.05.2026 19:01
1.8k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1.1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.6k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......