Ýerasty suwlaryň sorulyp çykarylmagy 17 ýylyň içinde planetamyzyň ýapgytlygyny 80 sm üýtgetdi

  • 19.06.2023 23:59
  • 38k+

1993-nji we 2010-njy ýyllar aralygynda adamlar ýeriň astyndan şeýle bir köp mukdardaky suwy sorduryp çykardylar welin, planetamyz gündogara 80 sm töweregi gyşardy. Bu barada Geophysical Research Letters neşirinde çap edilen gözleg işiniň awtorlary habar berdiler.

"Ýeriň aýlanma oky hakykatda köp üýtgeýär - diýip, işiň awtory, Seul milli uniwersitetiniň geofizigi Ki Won So aýtdy. - Biziň gözlegimiz howa bilen baglanyşykly sebäpleriň arasynda ýerasty suwlaryň paýlanyşynyň aýlanma okuna iň uly täsir edýändigini görkezýär".

Alymlar 2016-njy ýylda suwuň Ýeriň aýlanma okuna edýän täsirini ýüze çykardylar, ýöne ýerasty suwlaryň bu üýtgeşmelere goşandy entek öwrenilmedi. Ylmy topar täze gözlegde Ýeriň aýlanma okunyň eglişinde we suwuň hereketinde syn edilen üýtgeşmeleriň kompýuter modelini döretdi. Ilki bilen modellemekde diňe buz örtükleri we buzluklar, soňra ýerasty suwlaryň paýlanyşynyň dürli ssenarileri bar.
Alnan surat Ýeriň okundaky syn edilen üýtgeşmelere diňe gözlegçiler 2150 gigaton göçürilen ýerasty suwlary goşandan soň gabat gelip başlady. Olar bolmasa model hakyky üýtgeşmelerden 78,5 sm sowuldy.
Awtorlaryň bellemegine görä, Ýeriň aýlanma oky, adatça, bir ýylyň dowamynda birnäçe metr töweregi üýtgeýär. Şonuň üçin ýerasty suwlaryň sorulyp çykarylmagy bilen baglanyşykly üýtgeşmeler, mysal üçin, pasyllaryň üýtgemegi ýaly global töwekgelçiligi döretmeýär. Alymlaryň pikiriçe, geologiki wagt ölçeginde planetanyň egilmeginiň üýtgemegi klimata täsir edip biler.


şu gün 06:43
949

NASA Argentinada ägirt uly ýürek şekilli reňkli köli görkezdi: ýöne onuň reňki näme sebäpden gülgüne?

NASA Argentinanyň Buenos-Aýres welaýatyndaky Salinas-Las-Barrankas duzly howdanynyň gaýtalanmajak suratyny çap etdi. Giňligi takmynan 10 kilometre barabar bolan we ýürek şekilini ýatladýan bu suw howdany......

düýn 23:18
684

π0.7 roboty öň öwredilmedik işleri-de ýerine ýetirip başlady

San-Fransiskoda ýerleşýän Physical Intelligence kompaniýasy robotlar üçin niýetlenen täze π0.7modelini tanyşdyrdy. Bu model robotlara öň hiç wagt öwredilmedik işlerini ýerine ýetirmäge-de mümkinçilik berýär.......

düýn 23:05
510

Parallel aň: Alymlar beýnide astrosit esasly ikinji aragatnaşyk ulgamyny tapdylar

Nýu-Ýork uniwersitetiniň alymlary uzak wagtlap diňe kömekçi öýjükler hasaplanýan astrositleriň beýnide özleriniň giň aragatnaşyk ulgamyny emele getirýändigini anykladylar....

12.05.2026 23:21
6.5k+

Mehiko her aýda 1,5 santimetr ýere çökýär: NASA howply ýagdaýy hasaba aldy

NASA-nyň radiolokasiýa ulgamynyň maglumatlaryna görä, Meksikanyň paýtagty Mehiko şäheri her aýda ortaça 1,5 santimetr ýere çökýär....