Serdar Berdimuhamedow Fransiýanyň Türkmenistanda täze bellenen ilçisini kabul etdi

  • 19.06.2023 23:58
  • 6.4k+

Şu gün, 19-njy iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow Fransiýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Filipp Merleni kabul etdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallygyny bildirip, döwlet Baştutanyna ynanç hatyny gowşurdy hem-de öz ýurdunyň Prezidenti Emmanuel Makronyň mähirli salamyny we ähli türkmen halkyna bagtyýarlyk, abadançylyk we rowaçlyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi.
Serdar Berdimuhamedow Fransiýa Respublikasynyň doly ygtyýarly wekilini gadymy we myhmansöýer türkmen topragynda mübärekläp, jogapkärli  diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de iki döwletiň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek we pugtalandyrmak işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Döwlet Baştutany Türkmenistan bilen Fransiýanyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk barada aýdyp, fransuz kompaniýalarynyň köp ýyllaryň dowamynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň ösüşine goşan aýratyn goşandyny belledi. Gurluşyk, nebitgaz we aragatnaşyk ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyk üstünlikli giňeldilýär.
Maglumat-tehnologiýalar, nebitgaz, himiýa, azyk senagaty ulgamlary hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-fransuz toparynyň möhüm orny bellenildi. Bu topar anyk maksada gönükdirilen gepleşikleri geçirmeli hem-de iki ýurduň döwlet edaralarynyň we hususy ulgamynyň tagallalaryny utgaşdyrmaga has işjeň gatnaşmalydyr.


şu gün 17:29
1.9k+

Gawr şäherinde 38 müň jübüt sport aýakgaby ýok edildi: sebäbi näme?

Fransiýanyň Gawr şäherinde 38 müň jübüt sport aýakgaby ýok edildi. Bu aýakgaplar 2011-nji ýylda Hytaýdan satyn alnan üç konteýnerlik galp harytlardyr. 15 ýyllap dowam eden kazyýet dawasy sebäpli aýakgaplaryň......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......