Koenigsegg superkary owal Rimac tarapyndan täzelenen rekordyny gaýtaryp aldy

  • 19.06.2023 11:50
  • 11k+

Şwesiýanyň meşhur Koenigsegg giperkar öndürijisi duran ýeriňden 400 km/sag tizlige ýetmekde we soňra tormoz basyp doly durýança geçýän aralyk boýunça rekord goýandygyny görkezýän wideo çykardy. Diňe bir aý ozal bar bolan rekordy Rimac Nevera elektrik awtoulagy täzeläpdi, ondan öňki üstünligem Koenigsegg-e degişlidi.

Germaniýanyň Papenburg aýlawynda Rimac Nevera sagatda 0-dan 400 km tizlige ýetip, 29,94 sekuntda doly duralga geldi. Koenigsegg tarapyndan ýerleşdirilen wideo şol bir ýumşy 28,81 sekuntda edilýändigini görkezýär - bu bir sekuntdan gowrak çalt.
Rekord Koenigsegg Regera gibrid giperkarynda goýuldy. Onuň önümçiligi 2022-nji ýylda tamamlanypdy, kupe bäş litrlik V8 we umumy kuwwaty 1500 at güýji bolan üç sany elektrik hereketlendirijisi bilen enjamlaşdyryldy. Wideonyň teswirinde kompaniýa önümçilik hataryndan aýrylanyna esli wagt bolan  awtoulagda täze rekord goýmak nämä gerek diýen sowaly berdi we sowalyna özi: "Sebäbi muny başarýar" diýip jogap berdi.
Koenigsegg Regera titul rekordyndan daşgary goşmaça sagatda 400 km (20,68 sekunt) tizlik bilen horwat bäsdeşini ýeňdi. Tizligi 250 mil / sag (402,3 km / sag) artdyrmak üçin Regera 21,35 sekunt gerek boldy. Ähli maglumatlar Racelogic ölçegleri bilen barlandy.
Kompaniýa bu giperkar modeliniň on ýyl ozal döredilendigini, emma henizem rekordlary goýmaga ukyplydygyny aýtdy.


12.05.2026 14:52
2.1k+

Bir ýarym sagatda 74 km süýşme: XPeng P7 yzgarly ýolda drift boýunça rekord goýdy

XPeng P7 elektromobili yzgarly ýolda dolandyrylýan süýşme (drift) arkaly 73,594 kilometr aralygy geçip, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Bu barada XPeng Motors kompaniýasynyň ýolbaşçysy He Sýaopen mälim etdi....

04.04.2026 13:20
2.2k+

Ford GT Mk IV “Nýurburgringda” içinden otlanýan hereketlendirijili iň çalt awtoulag boldy

Ford GT Mk IV superkary “Nýurburgring-Nordşlýaf” ýolunda iň çalt gibrid däl içinden otlanýan hereketlendirijili awtoulag boldy. Ford bu barada Germaniýada geçirilen 21 kilometrlik ýaryşlaryň netijelerini......

30.01.2026 18:50
5.3k+

Toyota rekord derejeli satuw bilen ýene dünýäniň iň uly awtoöndürijisi boldy

2025-nji ýylda Toyota kompaniýasy 11,32 mln awtomobil satyp, täze dünýä rekordyny goýdy. Bu görkeziji 2024-nji ýyldakydan 4,6% köpdür. Şeýlelikde, kompaniýa ýene dünýäniň iň iri awtoöndürijisi adyny saklamagy başardy...

25.01.2026 13:47
7.4k+

Hytaý dünýäde iň uly rolker gämisini suwa goýberdi. Oňa 11 müňe golaý ulag ýerleşýär

Hytaýyň Guangzhou Shipyard International (GSI) gämi gurluşyk zawody sygymy rekord derejedäki ýük daşaýan gämini suwa goýberdi. Gämi her saparda 10 800 awtoulagy daşamaga ukyply we Koreýanyň Hyundai awtoulag öndürijisi üçin guruldy...