Serdar Berdimuhamedow Karl III-ni resmi ýaş toýy bilen gutlady

  • 17.06.2023 13:04
  • 17k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Onuň Alyjenaby, Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasy Karl III-ä onuň resmi ýaş toýy mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny ýollady.

«Biz Türkmenistan bilen Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň arasynda ýola goýlan dostlukly gatnaşyklara uly ähmiýet berýäris. Ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň, netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giň ugurlar boýunça ösdüriljekdigine we pugtalandyryljakdygyna ynanýarys» diýip, döwlet Baştutany gutlag hatynda nygtady.

Britan monarhlary iki doglan gün belleýärler — hakyky we resmi (hemişe iýun aýyna düşýär).
Bu däp 1748-nji ýyldan we Patyşa Georg II-den gözbaş alýar. Ol noýabr aýynda doglandygyna garamazdan, her ýylky Trooping the Colour dabarasyny öz doglan güni bilen utgaşdyryp belläpdir. Şol wagtdan bäri hem britan monarhlary resmi doglan günlerini tomusda uludan belleýärler. Çünki bu döwürde howa has ýakymly bolýar.


şu gün 07:42
384

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......