Salat ýapragyndan taýýarlanan insulini sanjymsyz kabul edip bolar

  • 17.06.2023 12:37
  • 12k+

Pensilwaniýa uniwersitetiniň Diş lukmançylygy mekdebiniň gözlegçileri salat ýapraklarynyň esasynda insulin döretdiler. Onuň düzüminde tebigy insulinde duş gelýän üç sany peptid bar we ony agyzdan kabul edip bolýar, süýji keseli bolan adamlaryň durmuşyny aňsatlaşdyrýar. Bu iş Biomaterials žurnalynda çap edildi.

Ösümligiň öýjük diwarlarynyň berkligi insulini hassanyň aşgazanyndaky kislotalardan we fermentlerden goraýar hem-de bu maddanyň içegelere ýetip, bakteriýalar tarapyndan owradylmagyna mümkinçilik berýär. Soňra goýberilen insulin içege-bagyr oky arkaly bagra eltilýär diýip, uniwersitetiň metbugat beýanatynda aýdylýar.
Kliniki insulin onlarça ýyl bäri ulanylsa-da, tebigy onda insulinde tapylan üç peptidiň biri ýetmezçilik edýär. Mundan başga-da, insuliniň adaty usulda öndürilmegi bakteriýa ýa-da drož öýjüklerinde gormonyň ösmegini öz içine alýar. Bu preparatyň arassalanmagyny we pes temperaturada daşalmagyny hem-de saklanmagyny talap edýän gymmata düşýän prosesdir.
Gözlegiň awtorlary tarapyndan işlenip düzülen önümçilik usuly gymmat we çylşyrymly laboratoriýa enjamlaryna bolan zerurlygy aradan aýyrýar we otag temperaturasynda saklanyp bilinýän önümi almaga mümkinçilik berýär.


şu gün 17:46
667

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......

şu gün 15:54
1.6k+

Hytaý dünýäde ilkinji bolup beýni implantynyň täjirçilik maksatly ulanylmagyna rugsat berdi

Hytaý dünýäde inwaziw «beýni–kompýuter» interfeýsiniň (Brain-Computer Interface, BCI) täjirçilik maksatly ulanylmagyny resmi taýdan tassyklan ilkinji ýurt boldy....

düýn 07:25
4.6k+

Ýewropanyň saglygy goraýyş işgärleriniň tas üçden birinde düwnüge uçramak töwekgelçiligi bar

Ýewropanyň zähmet wezipelerinde howpsuzlyk we saglygy goramak baradaky agentliginiň (EU-OSHA) geçiren barlagy, Ýewropadaky lukmançylyk we durmuş üpjünçiligi pudagynyň işgärleriniň 29,5 göteriminiň iş......

03.06.2026 23:34
4.8k+

Parižiň golaýyndaky psihiatriýa hassahanasy näsaglary eşek terapiýasy arkaly bejerýär

Parižiň gündogaryndaky Wil-Ewrar hassahana toplumynda Fransiýada ýeke-täk eşek terapiýasy bölümi hereket edýär. Depressiýa, howsala, autizm, şizofreniýa we başga-da dürli keselli näsaglar bilen işleýän bu......