Aşgabatda öz işiňi gurmak we ilatyň maliýe sowatlylygy boýunça açyk işewürlik seminarlary geçirildi

  • 16.06.2023 18:34
  • 21k+

Ýakynda Aşgabat şäherinde Arçabil şaýolunyň ugrundaky Döwlet Medeniýet merkezinde «Öz işiňi nädip gurmaly?» we «Ilatyň maliýe sowatlylygy» temalary boýunça işewürlik seminarlary geçirildi.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Merkezi Geňeşinde täze döredilen Maglumat beriş bölüminiň ýardamy bilen guralan seminar açyk hem erkin häsiýete eýe boldy. Oňa isleg bildirenleriň ählisi gatnaşyp bildi.
Seminar öňüsyrasynda myhmanlara sergi görkezildi. Sergide paýtagtymyzyň 97-nji orta mekdebiniň okuwçylarynyň robototehnika, Türkmen döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyplarynyň sungat eserleri, ýaş raýatlarymyzyň ýasan şaý-sepleri  görkezilip, zehinli ýaşlaryň aýdym-sazly çykyşlary ýaýbaňlandyryldy.
Okuw seminaryny «Ak setir» dizaýn studiýasynyň direktory Mekan Jumamyradow hem-de Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy Merjen Amanowa alyp bardy. Seminaryň dowamynda oňa gatnaşyjylar özleriniň gyzyklanýan soraglaryny berip, pikir alyşdylar.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Maglumat beriş bölümi şular ýaly seminarlaryň her aýda bir gezek geçirilip durjakdygyny habar berdi. Indiki seminar iýul aýynyň başynda geçiriler. Has anyk senesini anyklamak üçin telefon belgileri arkaly habarlaşyp bilersiňiz.
Şeýle hem Maglumat beriş bölümi ýaş raýatlarymyza boş wagtlary bilimini artdyrmak üçin hepde-de 2 gezek iňlis dilinde we koreý dilinde tölegsiz gurnaklaryň ýola goýlandygyny mälim edýär.

Habarlaşmak üçin: +99364 88-00-81
Email: bizyashtm@gmail.com
Imo ID: Biz_yash_TM
Instagram: bizyash2023


düýn 15:15
971

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

12.06.2026 01:36
5k+

Lebap welaýatynda migrasiýa gullugynyň işgärleri üçin ýaşaýyş jaýy gurlar

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Döwlet migrasiýa gullugynyň Lebap welaýaty boýunça müdirliginiň etrap bölüminiň işgärleri üçin gulluk ýaşaýyş jaýynyň taslamasyny düzmek, ony gurmak, ýanaşyk......

11.06.2026 14:06
7.3k+

«Türkmenistan: Sport» teleýaýlymy DÇ-2026-nyň 104 oýnunyň ählisini görkezer

«Türkmenistan: Sport» teleýaýlymy 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň ähli oýunlaryny görkezer. Dünýä çempionaty eýýäm şu gije, Aşgabat wagty bilen sagat 00:00-da başlar....

11.06.2026 14:01
7.8k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....