Toyota 2026-njy ýylda 1 müň km ýol ätiýajy bolan elektromobilleriň hataryny işe girizer

  • 14.06.2023 14:58
  • 19k+

Ýaponiýanyň Toyota Motor kompaniýasy 2026-njy ýylda täze nesliň doly elektrik awtomobilleriniň (BEV) hataryny işe girizer. Bu barada kompaniýanyň metbugat relizine salgylanyp, interfax.ru habar berýär.

2030-njy ýylda kompaniýa 3,5 mln elektromobil satmagy göz öňünde tutýar. Şol bir wagtyň özünde maý aýynda açylan we BEV önümçiligine ýöriteleşen BEV Factory kärhanasynyň paýyna 1,7 mln awtomobil düşer.
Bellenilişi ýaly, täze nesil akkumulýatorlarynyň we beýleki tehnologiýalaryň kömegi bilen awtoulagyň ýol ätiýajy 1 müň km ýeter.
2030-njy ýyla çenli Toyota ylmy-gözleg, tejribe-konstruktorlyk işleri we elektromobillere, gibridlere we ýangyç elementlerinde işleýän awtoulaglara, şol sanda ýarym elektrik awtomobillere (30 model) maýa goýumlar üçin 8 trln ýena ($70,4 mlrd) bölüp berer.
Awtoöndürijiniň paýnamalary sişenbe güni söwdada 5,1% gymmatlady. Soňky üç aýda kompaniýanyň kapitallaşdyrmasy 20,2%, 28,41 trln ýena çenli ýokarlandy.


24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

24.06.2026 17:04
3.2k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

24.06.2026 14:05
5k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

24.06.2026 08:16
3.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......