Mekdep okuwçysy mental arifmetika boýunça Türkmenistanyň rekordyny goýdy

  • 14.06.2023 13:48
  • 33k+

2023-nji ýylyň 8-9-njy iýunynda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki «Zehin ýoly» okuw merkeziniň guramagynda Türkmenistan boýunça II Anzan Mega Mental Arifmetika Olimpiadasy geçirildi.

Olimpiada jemi 65 adam gatnaşyp, şolaryň 29-sy rekord goýmaga gatnaşdy. Olaryň arasynda hem milli rekord goýmak boýunça bäsleşik geçirildi. Rekord bäsleşiginde Aşgabat şäheriniň 2-nji orta mekdebiniň okuwçysy Ogulmaral Altyýewa birbada üç kategoriýa boýunça rekord goýmagy başaryp, 3-sany altyn medalyň eýesi boldy. Şeýle hem bu ýaryşda Ogulmaral özüniň ukyp başarnygy boýunça has çynlakaý çemeleşip, öňki rekordsmeniň rekordyny uly ballar bilen täzelemegi başardy.
Ýagny, Ogulmaral Altyýewa şularyň hötdesinden geldi:

  • Çalt Flash Anzan (Speed Flash Anzan) kategoriýada 0,3 sekunt tizlik bilen geçýän jemi 100 sany 2 belgili sany 5 gezek yzly-yzyna dogry goşmagy başardy.
  • Iň çalt ýatdan goşmak (Fastest Mental Addition) kategoriýada 25,24 sekuntda random gelen 100 sany sany 3 gezek yzly-yzyna dogry goşdy.
  • «Flash Anzan» (Flash Anzan Marathon) marafony  kategoriýada 14 107 bal toplap rekord goýdy.

Belläp geçsek, Ogulmaral Altyýewa 2022-nji ýylyň 27-nji noýabrynda Aşgabatda «Kämil Bilim» okuw merkezinde geçen Türkmenistan boýunça I Anzan Mega Mental Arifmetika Olimpiadasynyň umumy ýaryşynda hem birinjiligi eýeläp, altyn medala mynasyp bolupdy.
Ogulmaral Altyýewa okuwdan boş wagtlary Aşgabat şäherindäki «Kämil Bilim» okuw merkeziniň Anzan Mega Mental Arifmetika kursunyň utgaşdyryjysy Döwletmyrat Durdymämmedowyň garamagynda bilim alýar.


26.06.2026 20:41
1.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
3.9k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......

23.06.2026 18:58
3.1k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

19.06.2026 18:41
3.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......