Tokionyň häkimiýeti ChatGPT-ni awgust aýyndan başlap ähli edaralaryň işine ornaşdyrar

  • 14.06.2023 07:56
  • 4.4k+

Tokionyň häkimiýeti ChatGPT emeli aň esasly çat-boty awgust aýyndan başlap şäheriň ähli edaralarynyň işine ornaşdyrar. Bu barada sişenbe güni Tokionyň gubernatory Ýuriko Koike žurnalistlere habar berdi.

"[ChatGPT]-ni ulanmak ähli edaralarda awgust aýynda başlar – diýip, Kyodo agentligi gubernatoryň sözlerini getirýär. – Bu innowasiýa tehnologiýasynyň artykmaçlyklaryny ornaşdyrmak we ýetmezçiliklerini nazarda tutmak bilen biz birtopar administatiw bölünmelerimizde ulanylmagyny öňe sürmegi niýet edinýäris”. Koikeniň sözlerine görä, ChatGPT-iň, hususanam, resminamalary taýýarlamakda we ýerli ilat üçin habar býulletenlerini taýýarlamakda ulanyljakdygyny aýtdy.

Ondan öň Ýaponiýanyň Dolandyryş we aragatnaşyk ministri Takeaki Masumoto öz edarasynyň gündelik işlerinde ChatGPT-ni ulanmaga synanyşjakdygyny mälim edipdi. Öz gezeginde, Ykdysady howpsuzlyk ministri Sanae Takaiti hem ýerli häkimiýetleriň ChatGPT we emeli aň esasly beýleki programmalary ulanmagy dessine gadagan etmek ýa-da başgaça düzgünleşdirmek niýetiniň ýokdugyny belledi.
Amerikanyň OpenAI kompaniýasynyň ChatGPT-si 2022-nji ýylyň ahyrynda işe girizildi. Hyzmat ulanyjy bilen gepleşik tertibinde aragatnaşyk saklaýar. Çat-bot goşmaça soraglara jogap berip, ýalňyşlyklaryny boýun alyp, nädogry ýerlerine garşy çykyp we ýerliksiz haýyşlary ret edip biler. Hyzmatyň mümkinçilikleri köpçüligiň ünsüni özüne çekdi. Täzelik dürli ýurtlaryň talyplary tarapyndan synag tabşyrmakda we akademiki resminamalary taýýarlamakda ulanylandan soň tankyt edildi.


12.06.2026 10:04
6k+

Kyodo: Ýaponiýada puluň hümmetsizlenmegi güýçlendi. Lomaý bahalar üç ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi

ABŞ-ndan, Hytaýdan we Germaniýadan soň nominallaýyn Jemi içerki önüm (JIÖ) boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän Ýaponiýa ykdysady basyşyň güýçlenmegi bilen ýüzbe-ýüz boldy. Kyodo habarlar gullugynyň......

11.06.2026 07:42
2.1k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

09.06.2026 15:08
2.4k+

Ýaponiýada bitkoin-ETF-leriň işe girizilmegi 19,3 milliard dollara çenli maýany çekip biler

Seljerijiler Ýaponiýany spot görnüşli bitkoin-ETF-leri işe girizmek ähtimallygy iň ýokary bolan ýurtlaryň biri hasaplaýarlar. XWIN Japan kompaniýasynyň çaklamalaryna görä, şeýle gaznalar öz işiniň ilkinji......

09.06.2026 12:22
2.7k+

Günorta Koreýada tehnoägirtlere aşa ýokary girdejiniň bir bölegini paýlaşmak teklip edildi

Günorta Koreýanyň Zähmet ministri Kim Ýon Hun iri tehnologiýa kompaniýalaryna salgytlar tölenenden soň galýan aşa ýokary girdejileriniň bir bölegini haryt üpjün edijilere, potratçylara we öz işgärlerine......