Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde işleriň barşy bilen tanyşdy

  • 14.06.2023 07:45
  • 31k+

13-nji iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň, Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň haýyşy boýunça Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, täze şäherde we onuň töwereklerinde ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işler bilen tanyşdy.

Ilki bilen türkmen halkynyň Milli Lideri täze şähere barýan ýoluň ugrunda gurulýan halkalaýyn aýlaw ýolunyň abadanlaşdyrylyşy bilen tanşyp, bu ýerde milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesiniň utgaşdyrylmalydygyny, gurluşyk we bezeg işleriniň döwrüň ruhuna laýyk derejede ýerine ýetirilmelidigini tabşyrdy.
Gurbanguly Berdimuhamedow şäheriň çäklerinde Aba Annaýew adyndaky şäherçäniň hem-de Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň ýerleşýändigini nazarda tutup, ulaglaryň hereketini, şäher ilatynyň iş ýerlerine, okuwçylaryň mekdeplere gidip-gelmeklerini, körpeleriň çagalar baglaryna gatnadylmagyny üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleleriň üns merkezinde saklanmalydygyny belledi. Şunda duralgalar degişli ýerlerde gurulmalydyr, ýolagçylaryň amatly gatnawyny üpjün etmek maksady bilen, ýol-ulag düzümine degişli hereketler sazlaşykly ýola goýulmalydyr.
Soňra Gurbanguly Berdimuhamedow şäheriň baş bezegine öwrülen Akhan binasyna bardy. Bu binanyň ýanynda täze şäheriň açylyş dabaralaryna badalga berler. Türkmen halkynyň Milli Lideri bu barada aýtmak bilen, dabaraly çäräniň şatlyk-şowhuna beslenmeginiň zerurdygyny belledi.
Soňra Halk Maslahatynyň Başlygy şäheriň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezine tarap ugrady. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň ulag duralgasynyň desgalarynyň talabalaýyk ulanyş ýagdaýynda saklanmalydygy, olaryň uzak möhletleýinligi, berkligi barada aýdyp, Gahryman Arkadagymyz bu ugurda zerur tagallalaryň edilmelidigini belledi.
Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri täze şäheriň ýolagçy awtobuslarynyň jemlenýän duralgasyna geldi. Bu ýerde elektrobuslaryň we elektrotaksileriň degişli derejede saklanmagy, olara tehniki hyzmatlaryň ýola goýulmagy babatda ähli zerur şertler göz öňünde tutulypdyr. Gurbanguly Berdimuhamedow duralganyň binagärlik keşbine birnäçe bellikleri aýtdy.
Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna bardy. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzy Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow we Aşgabat şäheriniň häkimi R.Gandymow garşyladylar. Hormatly Arkadagymyz toplumyň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşyna we onuň daşky bezeg işlerine birnäçe bellikleri aýtdy.


şu gün 07:42
684

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......