Amerikaly alym 100 gün suwuň aşagynda bolup, dünýä rekordyny goýdy

  • 11.06.2023 16:28
  • 26k+

Amerikaly alym Jozef Dituri rekord 100 gün suwasty myhmanhanada ýaşandan soň anna güni ýokary çykdy diýip, interfax.ru habar berýär.

Günorta Florida uniwersitetiniň professory, “Doktor Çuň deňiz” hökmünde-de belli bolan Dituri Jules’Undersea Lodge myhmanhanasynda 100 gün boldy. Myhmanhana Florida ştatynyň Ki-Largo sebitinde bolup, takmynan, 6,7 metr çuňlukda ýerleşýär.
Ginnesiň rekordlar kitabynyň saýtynyň maglumatlaryna görä, Dituri asyl 13-nji maýda, ýagny suwuň aşagynda 74 gün bolandan soň rekordy täzeledi. Öňki rekord şol myhmanhanada 73 gün 2 sagat 34 minut bolan Jessika Feýn we Brýus Kantrell tarapyndan goýlupdy.
Dituri ýokarlandyrylan basyşyň organizme uzak möhletleýin täsirini öwrenmek üçin suwuň aşagynda 100 gün bolmagy maksat edindi.
Jules’Undersea Lodge suwuň aşagynda ýerleşen ýeke-täk amerikan myhmanhanasydyr. Onuň meýdany, takmynan, 9,2 inedördül metre barabar. Onda atmosfera basyşy ýeriň üstündäkiden 70% ýokarydyr.


şu gün 20:00
451

Atoma we aýnalara esaslanan ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagatlary döredildi

Alymlar daşky utgaşdyrmasyz wagty ölçemäge ukyply bolan, ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagadynyň nazary modelini işläp düzdüler....

şu gün 17:07
512

Elektromagnit impulslary deňiz jandarlarynyň ömrüni uzaltmaga kömek etdi

Gysga wagtlyk elektrik impulslarynyň yzygiderli täsir etdirilmegi deňiz jandarlary bolan assidiýalaryň saglygynyň uzak wagtlap gowulanmagyna we olaryň ömrüniň ep-esli uzalmagyna getirýär. Amerikaly alymlaryň......

04.06.2026 19:55
5.6k+

Günde bolup geçen ýokary derejeli X partlamasy Ýerde magnit tupanlaryny güýçlendirer

3-nji iýunda Günde birnäçe güýçli partlama bolup gecdi, şondan soň birnäçe plazma buludy Ýere tarap ugur aldy. Alymlar olaryň özara täsiriniň planetanyň magnitosferasyna güýçli täsir edip biljekdigini......

04.06.2026 18:07
6.8k+

Özbegistanda tapylan gadymy çaga kelleçanagynda operasiýa yzy ýüze çykaryldy

Özbegistanly we italiýaly alymlar gadymy gonamçylykda kelleçanagy deşilen bäş ýaşly çaganyň galyndylaryny tapdylar. Barlagçylar bu operasiýany Merkezi Aziýanyň çäginde mälim bolan iň gadymy, şeýle-de tutuş......