Efiopiýaly türgen Girma 3000 aralyga päsgelçilikli ylgamakda dünýä rekordyny täzeledi

  • 11.06.2023 16:26
  • 6.4k+

Tokioda geçirilen Olimpiýa oýunlarynyň kümüş baýrakçysy efiopiýaly Lameha Girma Brilliant ligasynyň Parižde geçirilen tapgyrynda 3000 m aralyga päsgelçilikli ylgamakda täze dünýä rekordyny goýdy. Ýaryş anna güni geçirildi diýip, TASS habar berýär.

Girma bu aralygy 7 minut 52,11 sekuntda geçdi. Öňki üstünlik 2004-nji ýylyň 3-nji sentýabrynda Katardan Saif Said Şahin tarapyndan goýlupdy (7.53,63).
Girma 22 ýaşynda. Ol 2021-nji ýylda Tokioda geçirilen Olimpiadada 3000 m aralyga päsgelçilikli ylgamakda kümüş baýrakçy boldy. Bu aralykda ol iki gezek dünýä çempionatlarynyň (2019, 2022) kümüş medallaryna-da eýe boldy.


26.06.2026 23:43
8k+

SmackDown-yň ýyldyzy Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Aktýor we restler Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň «ikona» statusyna mynasyp boldy. Onuň ady şu ýylyň sentýabr aýynda çykjak 2027-nji ýylyň neşirine giriziler....

21.06.2026 21:03
2.2k+

Amerikaly Duglass 50 m aralyga erkin usulda ýüzmekde dünýä rekordyny täzeledi

Amerikaly suwda ýüzüji Keýt Duglass 50 metr aralyga erkin usulda ýüzmekde täze dünýä rekordyny goýdy....

15.06.2026 14:15
8k+

DÇ-2026-nyň 4-nji güni: Kýurasaonyň debýuty gorkuly düýşe meňzedi, ýewropalylar bolsa aziýalylardan yza galýarlar

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň dördünji oýun güni birbada iki sany iri hasaply ýeňlişi, soňky minutlarda dartgynly tomaşa öwrülen oýunlary we taryhy rekordlary getirdi....

13.06.2026 12:21
2.9k+

Amerikan talyby päsgelçilikli 110 m aralyga ylgamakda dünýä rekordyny goýdy

Amerikaly ýeňil atletikaçy Ja'Kobe Tarp ABŞ-nyň Milli talyp sport assosiasiýasynyň (NCAA) ýaryşynda päsgelçilikli 110 metr aralyga ylgamak boýunça dünýä rekordyny goýdy....