Tesla ýylda 375 müň Cybertruck pikapyny çykarmagy meýilleşdirýär

  • 10.06.2023 16:46
  • 20k+

Tesla kompaniýasy her ýyl 375 müň Cybertruck pikapyny öndürmekçi bolýar diýip, kompaniýanyň üpjün edijilere iberen hatyna salgylanyp, “Electreck” ýazýar. Muny interfax.ru ýetirýär.

Tapgyrlaýyn önümçilikden öňki nusgalar awgust aýynyň ahyryna çenli peýda bolar. Kompaniýanyň ýolbaşçysy Ilon Mask Cybertruck-yň satuwynyň şu ýyl başlajakdygyny we ýylda 250-500 müň birlige barabar boljakdygyny habar beripdi. Üçünji çärýegiň ahyrynda üpjünçiligiň başlanmagyna bagyşlanan çäräniň geçirilmegine garaşylýar. Şol bir wagtyň özünde resmi taýdan önümçilik oktýabr aýynyň başyna meýilleşdirildi.
Analitikler önümçiligiň göwrüminiň 2024-nji ýylda 100 müň birlikden az boljakdygyny we 2027-nji ýyla çenli 240 müň birlige golaý boljakdygyny çaklaýarlar. Tesla Reservation Tracker çeşmesiniň maglumatlaryna görä, deslapky sargytlaryň sany 1,8 milliondan geçýär.
2019-njy ýylda hödürlenen Cybertruck Demirgazyk Amerikanyň bazaryna gönükdirilip, Tesla-nyň Ostin şäherindäki zawodynda öndüriler.
Kompaniýanyň paýnamalary penşenbe güni söwdada 5% gymmatlady. Ýylyň başyndan bäri kompaniýanyň kapitallaşdyrmasy 90,7%, 711,78 mlrd dollara çenli ýokarlandy.


24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

24.06.2026 17:04
3.2k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

29.05.2026 23:38
3.6k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......