Italiýanyň Seriýa A ligasy daşary ýurtlarda täze ada eýe boldy

  • 10.06.2023 16:48
  • 11k+

Italiýanyň Seriýa A ligasynyň baş direktory Luiji De Serwo liganyň daşary ýurtlarda täze ada eýe bolandygyny aýtdy. Bu ädim ýaryş brendiniň maýadarlar üçin has hem özüne çekiji bolmagy üçin çözgütler toplumyna gönükdirilendir diýip, gazeta.ru habar berýär.

“Biziň ligamyz “Seriýa A: Italiýada taýýarlanyldy” diýlip atlandyrylar. Biz halkara liderligi gaýtadan dikeltmek ýoluna başladyk. Biz – potensialy uly bolan, onlarça ýylyň dowamynda iň gowusy bolan liga.

Hawa, stadionlary kämilleşdirmeli, ýöne biziň şäherlerimiziň gözelligi we olaryň taryhy üýtgeşikdir. Bu ýönekeý bir liga däl, bu ýurt. Italiýa – futboldan daşary köp adamlaryň arzuwy” – diýip, “AS” De Serwonyň sözlerini getirýär.
Häzirki möwsümde birbada üç italýan kluby ýewrokuboklaryň finalyna çykdy. “Fiorentina” Konferensiýalar ligasynyň finalynda Angliýanyň “West Hem” toparyndan utuldy (1:2). “Roma” Ýewropa ligasynyň finalynda “Sewilýadan” utuldy.
10-njy iýunda “Inter” Çempionlar ligasynyň finalynda “Mançester Siti” bilen oýnar. Duşuşyk Stambulda geçiriler.


16.04.2026 14:57
1.2k+

Serdar Berdimuhamedow Italiýanyň täze ilçisi bilen duşuşdy

15-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Italiýa Respublikasynyň täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Martin Brugy kabul etdi....

15.04.2026 11:38
1.1k+

Raşid Meredow Italiýanyň täze bellenen ilçisi bilen duşuşdy

14-nji aprelde daşary işler ministri Raşid Meredow Italiýanyň Türkmenistandaky täze bellenen ilçisi Martin Brugy kabul etdi. Diplomat özüniň ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy....

30.11.2025 22:01
2.7k+

Türkmenistanyň ylmy wekiliýeti Rimde möhüm senelere bagyşlanan çärelere gatnaşdy

25-nji noýabrda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Prezidenti A.Aşirowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Italiýada ýerleşýän Palasso Walentini köşgünde geçirilen halkara maslahata gatnaşdy. Türkmenistanyň...

24.11.2025 14:23
12k+

Altyn ätiýaçlygy boýunça ýurtlaryň infografikasy: Merkezi banklar ony çökgünlikden goranmak üçin ýygnaýarlar

Altyn iň ygtybarly we wagtyň synagyndan geçen gymmatly serişdeleriň biri bolmagynda galýar. Bütin dünýädäki Merkezi banklar onuň gorlaryny artdyrmagyny dowam etdirýärler, bu bolsa 2025-nji ýylda metalyň bahalarynyň rekord derejede ýokarlanmagyna getirdi...