Aşgabatda türkmen-wenger gepleşikleriniň netijeleri boýunça 10-a golaý resminama gol çekildi

  • 09.06.2023 13:48
  • 15k+

9-njy iýunda, şu gün Aşgabatda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we düýn ýurdumyza resmi sapary bilen gelen Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orbanyň arasynda gepleşikler geçirildi.

Türkmen-wenger gepleşikler tamamlanandan soň, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

Gol çekilen resminamalar:

  • – Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Wengriýanyň Daşary işler we söwda ministrliginiň Diplomatik akademiýasynyň arasynda diplomatik taýýarlyk ulgamynda hyzmatdaşlyk babatda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
  • – Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti bilen Semmelweýs uniwersitetiniň arasynda akademiki we ylmy hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk; 
  • – «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň Döwlet etalon merkezi bilen Budapeşt paýtagt şäher hökümetiniň diwanynyň Metrologiýa we tehniki gözegçilik müdiriýetiniň arasynda metrologiýa babatda ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk etmek barada Özara düşünişmek hakynda Ähtnama; 
  • – Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti bilen Wengriýanyň Içeri işler ministrliginiň arasynda suw serişdelerini dolandyrmak babatda hyzmatdaşlyk etmek barada Özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
  • – Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Wengriýanyň Daşary işler we söwda ministrliginiň arasynda “Stipendium Hungaricum” maksatnamasynyň çäklerinde 2024-2026-njy ýyllarda hyzmatdaşlyk etmek boýunça Özara düşünişmek hakynda Ähtnama; 
  • – Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Wengriýanyň Syýahatçylyk agentliginiň arasynda syýahatçylyk babatda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama; 
  • – Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Wengriýanyň Medeniýet we innowasiýa ministrliginiň arasynda medeniýet babatda hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasy;
  • – Türkmenistanyň Hökümeti bilen Wengriýanyň Hökümetiniň arasynda maýa goýumlaryny höweslendirmek we özara goramak hakynda Ylalaşyk. 

Resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Premýer-ministr Wiktor Orban köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler. 


düýn 22:20
2.5k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

düýn 13:44
2.3k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

düýn 07:42
1.4k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2.1k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....