Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidentiniň Wengriýanyň Premýer-ministri bilen gepleşikleri başlandy

  • 09.06.2023 12:03
  • 5.9k+

Aşgabatda Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen ýurdumyza iş sapary amala aşyrýan Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orbanyň arasynda gepleşikler başlandy.

Resmi garşylanyş dabarasy tamamlanandan soňra, taraplar ikiçäk duşuşygy geçirýärler. Soňra gepleşikler iki ýurduň wekiliýetleriniň giňeldilen düzüminde dowam eder.
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Wengriýanyň Hökümetiniň baştutanynyň özara gyzyklanýan ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmek boýunça meselelerini ara alyp maslahatlaşmagyna garaşylýar. Taraplar energiýa, ulag, derman serişdeleri, dokma senagaty, maýa goýum, oba hojalygy we suw dolandyryşy ýaly möhüm ugurlara aýratyn üns bererler.
Türkmen-wenger ýokary derejedäki gepleşikleriň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekilmegi meýilleşdirilýär.


düýn 22:20
2.5k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

düýn 13:44
2.3k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

düýn 07:42
1.4k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2.1k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....