Mejlisiň Başlygy Müsüriň Türkmenistandaky ilçisini kabul etdi

  • 08.06.2023 14:18
  • 10k+

7-nji iýunda Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Müsür Arap Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nazih Ali Bahaeldin Al-naggariden ynanç hatyny kabul etdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda deňhukuklylyk we özara bähbitlilik esasynda ýola goýulýan netijeli hyzmatdaşlygyň meseleleri boýunça pikir alşyldy.
Dostlukly döwletiň doly ygtyýarly wekili Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary, iri halkara taslamalar bilen tanyşdyryldy. Şeýle hem Müsüriň ilçisi türkmen parlamentiniň düzümi, amala aşyrylýan özgertmeler bilen baglylykda, onuň alyp barýan köpugurly işi bilen tanyşdyryldy.
Duşuşygyň ahyrynda Müsür Arap Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nazih Ali Bahaeldin Al-naggari özara bähbitlere laýyk gelýän netijeli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegi üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.


düýn 16:30
539

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

düýn 12:20
705

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
6.7k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

11.06.2026 13:44
3.4k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......