Fransiýada köpçülikleýin diktant boýunça dünýä rekordy goýuldy

  • 06.06.2023 12:12
  • 18k+

Parižiň merkezinde köçe diktanty geçirildi we ol derrew Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Guramaçylara çärä gatnaşyjylaryň sany boýunça rekordy täzelemek başartdy, diktant ýazmaga 1397-den gowrak adam gatnaşdy diýip, BFM teleýaýlymy habar berýär. Muny rbclife.ru ýetirýär.

Bu çärä 10 ýaşdan uly bolan islendik adam gatnaşyp bilýärdi. Olar üçin guramaçylar 1700-den gowrak parta goýdular. Sahnadan fransiýaly ýazyjy Alfons Dodeniň “Harazdan hatlar” eserinden bölek okaldy. Teksti žurnalist we edebiýat tankytçysy Ogýusten Trapenar okady.
Gatnaşyjylaryň wezipesi teksti üç gezek diňlemekden we ony ýazmakdan ybaratdy. Ýekeje-de ýalňyş goýbermän ýazanlar ýeňiji diýlip yglan edildi. Ýeliseý meýdançalary komitetiniň başlygy we “Uly diktantyň” guramaçysy Mark-Antuan Žame bu çäräniň esasy maksadynyň lezzet almakdygyny we “adamlarda dile söýgi we okamak islegini döretmekden, orfografiýany kämilleşdirmekden” ybaratdygyny belledi.

“Ilkinji wezipe – bu bilelikdäki işden lezzet almak, şeýle mümkinçilik her gün bolmaýar. Ikinji maksat bolsa – bu Ginnesiň rekordlar kitaby üçin diktant ýazmaga gatnaşyjylaryň sany boýunça dünýä rekordyny goýmak. Onuň wekilleri bu gün Parižde” – diýip, Žame aýtdy.


düýn 20:16
3k+

Kanýe West Stambuldaky stadiona 118 000 tomaşaçyny ýygnap, rekord goýdy

Amerikaly reper Kanýe West ilkinji gezek Stambulda konsert berip, Atatürk adyndaky Olimpiýa stadionyna takmynan 118 000 tomaşaçyny ýygnady. Anadolu agentliginiň habar bermegine görä, bu stadion konserti üçin......

düýn 11:50
7.4k+

Hindistanly adam 858 sany kagyz bulgury bilen Rekordlar kitabyna girdi

Hindistanyň 57 ýaşly ýaşaýjysy Sunil Jozef Ginnesiň rekordlar kitabynyň hünärmenleri tarapyndan resmi taýdan hasaba alnan kagyz bulgurlarynyň dünýädäki iň uly ýygyndysynyň eýesi boldy....

29.05.2026 23:05
5k+

99 ýaşly amerikaly zenan kraudsýorfing boýunça rekord goýdy

ABŞ-nyň 99 ýaşly ýaşaýjysy Polin Kena konsert wagtynda kraudsýorfing eden iň ýaşuly adam boldy. «LouderSound» neşiriniň habar bermegine görä, ol resmi ýagdaýda Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi....

29.05.2026 07:13
1.3k+

LVMH ähli brendleri üçin adam hukuklary boýunça bitewi ýörelgeleri tassyklady

Fransiýanyň «LVMH» lýuks harytlar konglomeraty özüniň ilkinji Adam hukuklary baradaky Hartiýasyny hödürledi. Ol kompaniýanyň halkara ýörelgelerine we adam hukuklarynyň düýpli esaslaryna boýun egmek......