Türkmen lukmanlarynyň Owganysytanda bejeriş-ýardam beriş sapary tamamlandy: sanlar we maglumatlar

  • 04.06.2023 11:59
  • 25k+

Mary welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň lukmanlary 2023-nji ýylyň maý aýynyň 15-31-i aralygynda Owganystanyň Hyrat welaýatynyň Turgundy şäherçesinde owgan raýatlaryna bejeriş we maslahat beriş hyzmatlary ýerine ýetirildiler.

Türkmen lukmanlarynyň sapary hepdede 3 gün gurnalyp, maý aýynyň dowamynda jemi 9 günden ybarat boldy. Bu gysga döwürde lukmanlar jemi 473 sany zenanyň (şolardan 248-si göwreli zenanlar, 225-si ginekologiki näsag zenanlar) we 276 sany çaganyň (şolardan 43-si bäbeklik döwrindäkiler, 122-si 1-ýaşa çenli çagalar, 73-si 5-ýaşa çenli çagalar, 38-si 14-ýaşa çenli çagalar) saglygyna seretdiler. Şeýle-de 156 sany näsagy Ultrases barlagyndan geçirdiler. Lukmanlaryň bejeriş-maslahat beriş ýardamyny berýän döwründe jemi 12 sany çaga dünýä indi.
Owgan lukmanlary geljekde bu hyzmatdaşlygyň dowam etdirilmegine hem-de Turgundy şäherçesindäki çaga dogrulýan öýüniň lukmanlary üçin Türkmenistanda gysga wagtlyk okuw kurslarynyň hem gurnalmagyna uly gyzyklanma bildirýärler.


09.06.2026 23:14
7.2k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.2k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

05.06.2026 17:46
2.8k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......

05.06.2026 15:54
4.1k+

Hytaý dünýäde ilkinji bolup beýni implantynyň täjirçilik maksatly ulanylmagyna rugsat berdi

Hytaý dünýäde inwaziw «beýni–kompýuter» interfeýsiniň (Brain-Computer Interface, BCI) täjirçilik maksatly ulanylmagyny resmi taýdan tassyklan ilkinji ýurt boldy....