Gurbanguly Berdimuhamedow Eýranyň «Mapna Group» senagat toplumynyň önümleriniň sergisi bilen tanyşdy

  • 01.06.2023 01:55
  • 8.6k+

31-nji maýda Eýran Yslam Respublikasyna iş saparynyň ikinji gününde türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň «Mapna Group» senagat toplumyna baryp gördi. Bu ýerde Gurbanguly Berdimuhamedow onlarça kompaniýany özünde jemleýän toplumyň işi bilen giňişleýin tanyşdyryldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bu senagat toplumynda energetika desgalarynyň taslamalaryny düzmek hem-de olary gurmak, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, nebitgaz, demir ýol hem-de beýleki senagat taslamalaryny işläp taýýarlamak we durmuşa geçirmek, şol sanda ugurdaş düzümleri, esasy we kömekçi enjamlary — gaz we bug turbinalaryny, elektrik energiýasyny işläp çykarmak üçin utgaşykly enjamlary öndürmek, suw arassalamak, şeýle hem demir ýol otlylarynyň düzümi üçin lokomatiwleri we beýlekileri öndürmek işleri alnyp barylýar.
Mundan başga-da, kompaniýalar topary ulag ulgamlaryny ulanmak hem-de olara tehniki hyzmat etmek işlerine ýöriteleşdirilendir, şeýle hem bu ulgamlary elektrifikasiýalaşdyrmak işleri bilen meşgullanýar. Elektromobilleriň önümçiligi üçin düzümleri ösdürmek hem-de olar üçin energiýa beriji stansiýalary gurmak bu holdingiň ulag ulgamynda alyp barýan işleriniň ýene bir ugrudyr.
Soňra Gurbanguly Berdimuhamedow bu senagat toplumynyň önümleriniň sergisi bilen tanyşdy. Hususan-da, bu ýerde enjamlaryň dürli görnüşleriniň nusgalary, «akylly» öýleriň, demirýol düzümleriniň, awtomobilleriň we beýlekileriň kiçeldilen nusgalary görkezildi. 
Sergi bilen tanyşlykdan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri biziň ýurdumyzyň gyzyklanma bildirýän ähli daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli, deňhukukly hyzmatdaşlyk  üçin hemişe açykdygyny nygtady.


şu gün 07:42
882

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......