Dubaý jemgyýetçilik ulaglaryny 2050-nji ýyla çenli ekologiýa taýdan arassa etmegi meýilleşdirýär

  • 31.05.2023 00:00
  • 15k+

Dubaýyň Ýol we ulag edarasy (RTA) emirlikdäki ähli jemgyýetçilik ulaglarynyň 2050-nji ýyla çenli bug gazlarynyň zyňyndylarynyň nol derejesini gazanmagyny göz öňünde tutýan strategiýany kabul etdi. RTA-nyň habar berşi ýaly, strategiýa kömürturşy gazy zyňyndylaryny 10 mln tonna azaltmaga we häzirki görkezijiler bilen deňeşdirilende tas $9 mln tygşytlamaga mümkinçilik berer diýip, TASS belleýär.

RTA-nyň strategiýasy 2030-njy ýyla çenli şäher awtobuslarynyň 10%-ini elektrik ýa-da wodorod hereketlendirijilerine geçirmegi göz öňünde tutýar. Soňra Dubaýyň häkimiýetleri 2045-nji ýyla çenli parkyň 80%-iniň ekologiýa taýdan arassa energiýa bilen işlemegi üçin her bäş ýyldan şeýle awtobuslaryň paýyny iki esse artdyrmak isleýärler. 2050-nji ýyla çenli Dubaýdaky awtobuslar bug gazlaryny işläp çykarmazlar diýlip meýilleşdirilýär. Şeýle-de, RTA 2050-nji ýyla çenli ähli mekdep awtobuslaryny, taksileri we limuzinleri ekologiýa taýdan arassa energiýa çeşmelerine geçirmekçi bolýar.
Mundan başga-da, Dubaýyň häkimiýetleri 2030-njy ýyla çenli RTA-nyň binalarynyň we beýleki desgalarynyň 74%-ini, 2035-nji ýyla çenli 83%-ini, 2045-nji ýyla çenli 100%-ini Gün batareýalary bilen üpjün etmegi meýilleşdirýärler. 2030-njy ýyla çenli emirlikdäki ähli hojalyk galyndylaryny hem gaýtadan işlemek göz öňünde tutulýar, ýagny zibiller zir-zibil dökülýän ýere äkidilmez.
Ýatlap geçsek, 2021-nji ýylda BAE 2050-nji ýyla çenli uglerod bitaraplygyny gazanmagy maksat edinýän Net Zero 2050 strategiki başlangyjyny öňe sürdi. Ol ekologiýa taýdan arassa energiýa çeşmelerini ornaşdyrmaga gönükdirilendir. 2022-nji ýylyň dekabr aýyna çenli ýagdaýa görä, BAE 15 ýylda şeýle taslamalara 40 mlrd dollardan gowrak maýa goýdy. Şeýle-de, şu ýyl Dubaýda BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň taraplarynyň 28-nji konferensiýasy geçiriler.


07.06.2026 10:07
3.5k+

Türkmenistanda tebigatçylar üçin iki günlük ekologiýa çäresi guraldy

Türkmenistanda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Ýaşyl geljek üçin hyzmatdaşlyk» atly iki günlük ekologiýa çäresi geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli......

06.06.2026 20:16
3k+

Aşgabatda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli ekologiýa maslahaty geçirildi

Aşgabatda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ekologiýa abadançylygy we halkara hyzmatdaşlyk» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu çäre Daşky gurşawy......

06.06.2026 11:47
9.7k+

Dubaý we Abu-Dabi şäherlerine gatnawlar iýunyň ortasyna çenli ýatyrylýar

Eýran Yslam Respublikasynyň howa giňişligine girizilen çäklendirmeleri nazara alyp, uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen «Türkmenistan» awiakompaniýasy AGPJ tarapyndan ýerine ýetirilýän Aşgabat —......

26.05.2026 15:18
1.9k+

Dubaýda sebitiň ilkinji sanly sungat muzeýi açylar

Dubaýda Ýakyn Gündogaryň ilkinji sanly sungat muzeýi bolan Museum of Digital Art (MODA) açylar....