Gurbanguly Berdimuhamedow «Daewoo E&С» kompaniýasynyň esaslandyryjysyny kabul etdi

  • 29.05.2023 23:09
  • 15k+

Şu gün, 29-njy maýda Gurbanguly Berdimuhamedow «Daewoo Engineering & Сonstruсtion Сo., Ltd.» kompaniýasynyň esaslandyryjysy we müdiriýetiniň başlygy Jong Won-ju bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda koreý kompaniýasy bilen özara bähbitli  hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Häzirki döwürde Türkmenistanda milli ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmak, ony diwersifikasiýalaşdyrmagyň we iri önümçilik taslamalaryny amala aşyrmagyň hasabyna ösdürmek maksatnamalary durmuşa geçirilýär. Hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de täze ugurlar boýunça ösdürmekde ägirt uly mümkinçilikler bar diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Hususan-da, koreýaly öňdebaryjy hünärmenleriň täze şäherleriň gurluşygyny taslamalaşdyrmagyň we ony dolandyrmagyň oňyn tejribesini we işläp taýýarlamalaryny öwrenmegiň hem-de ornaşdyrmagyň geljegi bellenildi.
Türkmen tarapynyň Koreýa Respublikasynyň daşky gurşawy goramak, ekologiýa, energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak we energiýany gaýtadan dikeltmegiň çeşmeleri babatda gazanan tejribesini öwrenmäge bolan gyzyklanmalary beýan edildi. Şeýle hem nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmagyň mümkinçilikleri barada aýdyldy.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistan Koreýa Respublikasyny özüniň möhüm ykdysady hyzmatdaşlarynyň biri hökmünde görýär we uzakmöhletleýin, strategik esasda hyzmatdaşlygy ýola goýýar. Şunda koreý tarapynyň teklipleriniň öwrenilmegine zerur üns berilýär.


şu gün 07:42
882

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

09.06.2026 12:22
2.4k+

Günorta Koreýada tehnoägirtlere aşa ýokary girdejiniň bir bölegini paýlaşmak teklip edildi

Günorta Koreýanyň Zähmet ministri Kim Ýon Hun iri tehnologiýa kompaniýalaryna salgytlar tölenenden soň galýan aşa ýokary girdejileriniň bir bölegini haryt üpjün edijilere, potratçylara we öz işgärlerine......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......