Tesla Model Y dünýäde iň köp satylan awtomobil boldy

  • 29.05.2023 14:03
  • 8.8k+

2023-nji ýylyň birinji çärýeginde Tesla Model Y elektromobili ähli awtoulaglaryň arasynda dünýäde iň köp satylan model boldy. Bu barada “The Verge” neşiri habar berýär diýip, gazeta.ru belleýär.

Maglumatlara görä, ilkinji üç aýda Tesla dünýäde 267 müň Model Y satdy, bu bolsa geçen ýylyň başyndaky satuwdan 69% köpdür. Ikinji orunda 256,4 müň birlik görkezijisi bilen Toyota Corolla ýerleşýär. Liderleriň üçlügini 214,7 müň awtoulag tiražy bilen satylan Toyota Hilux jemleýär.
Şeýle-de, öňdebaryjylaryň bäşligine Toyota RAV4 (211 müň birlik) we Toyota Camry (166,2 müň birlik) girdi. Şeýlelik bilen, Toyota Volkswagen, General Motors we Ford bilen bir hatarda dünýäde iň öndürijilikli awtoöndürijileriň biri bolmagynda galýar.
Neşir Model Y-nyň beren netijesiniň Tesla-nyň ýolbaşçysy Ilon Maskyň çaklamasyny tassyklaýandygyny belleýär. Heniz 2016-njy ýylda ol bu modeliň ýylda 500 müňden 1 milliona çenli tiraž bilen satyljakdygyny aýdypdy.


24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

24.06.2026 17:04
3.2k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

29.05.2026 23:38
3.6k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......